Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Spirtli içgileri içmekde dogry karara geliň

Spirtli içgileri içmekde dogry karara geliň

Mesihçiler spirtli içgileri içmekde öz çägini bilmeli (Nak 23:20, 29—35; 1Kr 6:9, 10). Sebäbi her kimiň öz çeni-çaky bar. Şeýle-de spirtli içgileri çendenaşa köp içmek endige öwrülmeli däl. Dogan-uýalary hem büdretmeli däl (1Kr 10:23, 24; 1Tm 5:23). Onsoňam, biz hiç kimi, esasanam, ýaşlary spirtli içgileri içmäge yrmaly däl.

«SPIRTLI IÇGILERI IÇMEZDEN ÖŇ GOWY OÝLANYŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Mesihçiler spirtli içgileri içmek baradaky ýerli kanunlara näme üçin gulak asmaly? (Rim 13:1—4).

  • Biz dogan-uýalary spirtli içgileri içmäge näme üçin yrmaly däl? (Rim 6:16).

  • Biz spirtli içgiler bilen bagly nähili kynçylyklara duşup bileris?