Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Gapynyň öňünde gowy edim-gylymly boluň

Gapynyň öňünde gowy edim-gylymly boluň

Mesihçiler «dünýäniň... sahnasynda» (1Kr 4:9). Şol sebäpli öý eýeleriniň bize aýnadan seretmegi ýa-da gapynyň aňyrsyndan diňlemegi geň galdyrmaýar. Käbir öýlerde oturdylan kameralar we mikrofonlar arkaly öý eýesi hatda bizi görüp, sesimizi eşidip we ýazga düşürip bilýär. Geliň, gapynyň agzynda özüňi nädip alyp barmalydygyna seredeliň (2Kr 6:3).

ÖZÜMIZI ALYP BARŞYMYZ (Fl 1:27):

  • Öý eýesine hormat goýup, öýüň içine garanjaklamaň. Gapynyň agzynda duranyňyzda zat iýmäň, telefonda gepleşmäň we SMS ýazyşmaň.

AÝDÝAN SÖZLERIMIZ (Ef 4:29):

  • Gapynyň agzynda duranyňyzda öý eýesiniň halamajak zadyny aýtmaň. Käbir wagyzçylar aýtjak zatlaryna pikirini jemlär ýaly, özara gürrüňi soňa goýýarlar.

Özüňizi gapynyň agzynda gowy alyp barmak üçin ýene näme edip bilersiňiz?