Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 12, 13

Bugdaý we haşal ot baradaky mysal

Bugdaý we haşal ot baradaky mysal

Isa bugdaý we haşal ot mysaly arkaly b. e. 33-nji ýylyndan başlap bütin dünýäde bugdaý toparyna degişli mesh edilen mesihçileri nädip hem-de haçan ýygnajakdygyny görkezdi.

13:24

Bir adam ekin meýdanynda gowy tohum ekýär

  • Daýhan: Isa Mesih

  • Gowy tohum: Isanyň mukaddes ruh bilen mesh edilen şägirtleri

  • Ekin meýdany: Dünýä

13:25

«Adamlar ýatyrka, duşman gelip... haşal otlary ekýär»

  • Duşman: Iblis

  • Adamlaryň uklap ýatmagy: Resullar aradan çykansoň

13:30

«Goý, hasyl ýygymyna çenli olaryň ikisi-de bile össün»

  • Bugdaý: Mesh edilen mesihçiler

  • Haşal ot: Ýalan mesihçiler

«Başda haşal otlary ýygyň... soňra bugdaýlary... üýşüriň»

  • Hyzmatkärler/orakçylar: Perişdeler

  • Haşal otlaryň ýygylmagy: Ýalan mesihçiler mesh edilen mesihçilerden saýlanýar

  • Ammara üýşürilmegi: Mesh edilen mesihçileriň arassalanan ýygnaga gelmegi

Hasyl ýygymy başlanda, hakyky mesihçiler ýalan mesihçilerden nädip saýlandy?

Şu mysala düşünmegimiň maňa nähili peýdasy bar?