Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň. JW.ORG saýtynyň ulanylyşy

Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň. JW.ORG saýtynyň ulanylyşy

NÄME ÜÇIN WAJYP? Öwretmek üçin niýetlenen esbaplarymyzyň ählisi jw.org saýtyna salgylanylýar. JW.ORG kartoçkasynyň we «Wajyp soraglara kim jogap berip biler?» diýen kitapçanyň esasy maksady adamlary saýtymyza girmäge höweslendirmek. Siz gyzyklanýan adamyň jw.org saýty arkaly öwretmek üçin niýetlenen esbaplardaky edebiýatlary elektron poçtasyna iberip bilersiňiz ýa-da salgysyny berip bilersiňiz. Bu esasan-da, başga dilde gürleýän adamlara wagyz edeniňizde kömek eder. Şeýle-de adamlaryň berýän käbir soraglary öwretmek üçin niýetlenen esbaplarda bolman, beýleki edebiýatlarda bolmagy mümkin. Eger web-saýtymyzy gowy bilsek, ökdelik bilen wagyz edip bileris.

NÄDIP ETMELI?

«JW.ORG SAÝTYNY ULANÝARYS» ATLY WIDEONY GÖRÜP, KIMLERE WEB-SAÝTA GIRMÄGE KÖMEK EDIP BILJEKDIGIŇIZE SEREDIŇ:

  • ateiste

  • ýaňy-ýakynda betbagtçylyga uçran adama

  • wagza çykmaýan dogana ýa-da uýa

  • guramanyň çykdajysynyň ödelişi hakda gyzyklanýan adama

  • öz ýurdunda ýygnak duşuşyklaryna barmak isleýän daşary ýurtly adama