Pursaty elden berme
Ýükläň:
1. Ömür tanapy tiz üzülýär,
Göz açyp-ýumýançaň geçýär.
Atmankaň altmyş, ýetmişi arka,
Mähir bilen kalby çoýuň wagt barka.
GAÝTALAMA:
Ene-ataň, maşgalanyň gadyryny biliň,
Hoş söz aýdyň depesine täç bolar.
Olar bilen wagt geçiriň, güýjüne güýç goşar,
Şu gün ediň, belki, ertir giç bolar.
Her pursaty elden bermäň, ömür soňy puç bolmanka.
2. Durmuşda ýakymly zatlar köp,
Ýahyň söýgüsini görýäris.
Ýehowa gowusyna mynasyp,
Elmydam Ony razy edip ýaşalyň.
GAÝTALAMA:
Ene-ataň, maşgalanyň gadyryny biliň,
Hoş söz aýdyň depesine täç bolar.
Olar bilen wagt geçiriň, güýjüne güýç goşar,
Şu gün ediň, belki, ertir giç bolar.
Her pursaty elden bermäň, ömür soňy puç bolmanka.
KÖPRI:
Hudaýyň wada beren durmuşy
Onçakly uzakda däl.
Ajaýyp günler ýetip gelýänçä,
Bir-birege wagt tapyň.
GAÝTALAMA:
Ene-ataň, maşgalanyň gadyryny biliň,
Hoş söz aýdyň depesine täç bolar.
Olar bilen wagt geçiriň, güýjüne güýç goşular,
Şu gün ediň, belki, ertir giç bolar.
Her pursaty elden gidirmäň, ömür soňy puç bolmanka.

