Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 79-NJY AÝDYM

Şägirtlere berk durmagy öwrediň

Şägirtlere berk durmagy öwrediň

(Matta 28:19, 20)

  1. 1. Öwrediň Mukaddes Kitaby,

    Pespäller tapsyn ýoly.

    Gün-günden ruhy taýdan össe,

    Saýgarar sagy-soly.

    GAÝTALAMA:

    Ýehowa, olara güýç ber,

    Dileglerine jogap ber.

    Ýalbarýarys, synaglarda arkadag bol,

    Goý, imanda berk dursunlar.

  2. 2. Kyn güne, synaga düşende

    Edeliň doga-dileg.

    Derdini paýlaşsa diňläliň,

    Bolalyň her gün direg.

    GAÝTALAMA:

    Ýehowa, olara güýç ber,

    Dileglerine jogap ber.

    Ýalbarýarys, synaglarda arkadag bol,

    Goý, imanda berk dursunlar.

  3. 3. Pespäller Alla bil baglasyn,

    Mesihe iman etsin.

    Çydamly, tutanýerli bolsun,

    Hak ýola berk ýapyşsyn.

    GAÝTALAMA:

    Ýehowa, olara güýç ber,

    Dileglerine jogap ber.

    Ýalbarýarys, synaglarda arkadag bol,

    Goý, imanda berk dursunlar.