Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 68-NJI AÝDYM

Hakykat tohumyny ekeliň

Hakykat tohumyny ekeliň

(Matta 13:4—8)

  1. 1. Isanyň tabşyran işinde,

    Zähmet çekeliň hyjuwly.

    Öwretdi göreldesi bilen,

    Wagza gatnaşdy yhlasly.

    Hakykat tohumy öser ýaly

    Pespälleriň ýüreginde,

    Elde baryny edeliň ýadaman

    Mesihiň tabşyran işinde.

  2. 2. Wagyzda üstünlik gazanmak

    Köplenç bagly özümize.

    Ýumşaklyk bilen öwredeliň,

    Laýyk ýaşap sözümize.

    Berkitsek kynçylyga düşeni,

    Gorky bolmaz ýüreginde.

    Tohum barha ulalyp hasyl berse,

    Diýmek, hakykat ýüreginde.