Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 42-NJI AÝDYM

Hudaýyň bendesiniň dilegi

Hudaýyň bendesiniň dilegi

(Efesliler 6:18)

  1. 1. Gudratygüýçli Atam Ýehowa,

    Mukaddes adyňa bolsun şan-şöhrat.

    Ýürekden dileýäris günde,

    Islegiň amala aşsyn ýerde.

    Tizden edip hereket,

    Berersiň bol bereket.

  2. 2. Ýehowa Hudaý örän rehimdar,

    Berýän bereketleriňe minnetdar.

    Gymmatly ýaşaýşyň gözbaşy,

    Akyldarlygyň, bilimiň başy.

    Söýgiň çäksizdir Ata,

    Sen mynasyp hormata.

  3. 3. Häzir dünýä erbetlikden doly,

    Gözleýäris teselli berýän ýoly.

    Ýükümizi atyp üstüňe,

    Ata, bil baglaýarys güýjüňe.

    Kömek et berk durmaga,

    Islegiňi etmäge.