Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 28-NJI AÝDYM

Kim Ýehowa dost bolup biler?

Kim Ýehowa dost bolup biler?

(Zebur 15)

  1. 1. Ýehowa Hudaýa

    Kim dost bolup biler?

    Kimler mukaddes çadyryna

    Myhman bolup biler?

    Mukaddes Kitaba

    Iman edýän adam.

    Hudaýhon, dogruçyl, wepaly,

    Päk niýetli adam.

  2. 2. Mähriban Hudaýym,

    Kim durar sagyňda?

    Kimler ýaşamaga mynasyp

    Mukaddes dagyňda?

    Maslahatlaryňa

    Gulak asýan adam.

    Hakykat ýolunda ýöreýän,

    Sadyk, halal adam.

  3. 3. Doga-dileg edip,

    Içimi dökýärin.

    Her gün aladamy edýärsiň,

    Söýgiňi görýärin.

    Sen iň ýakyn Dostum,

    Çykarmaýyn ýatdan.

    Ölüm ýa synag aýra salmaz

    Seniň ýaly Dostdan.