Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 146-NJY AÝDYM

«Ähli zady täzeleýärin»

«Ähli zady täzeleýärin»

(Ylham 21:1—5)

  1. 1. Alamatlar görkezýär wajyp wagty,

    Ýehowa Ogluna berdi tagty.

    Mesih gökdäki söweşde ýeňdi,

    Ýer ýüzüni arassalar indi.

    GAÝTALAMA:

    Şatlan, Hudaý çadyr gurýar,

    Indi aramyzda ýaşar.

    Gaýgy-hasrat, ölüm-ýitim bolmaz,

    Hiç bir adam ajy gözýaş dökmez.

    «Men ähli zady täzeleýärin,

    Jenneti söz berýärin».

  2. 2. Serediň Täze Iýerusalime,

    Şöhle saçýan Guzynyň gelnine.

    Gelin bezenip-beslenip çykar,

    Diňe Hudaý üçin şöhle saçar.

    GAÝTALAMA:

    Şatlan, Hudaý çadyr gurýar,

    Indi aramyzda ýaşar.

    Gaýgy-hasrat, ölüm-ýitim bolmaz,

    Hiç bir adam ajy gözýaş dökmez.

    «Men ähli zady täzeleýärin,

    Jenneti söz berýärin».

  3. 3. Şäher ähli halklara berer şatlyk,

    Derwezesi mydam bolar açyk.

    Eziz halkyna saçar ýagtylyk,

    Ýaşalyň şol ýagtylyga laýyk.

    GAÝTALAMA:

    Şatlan, Hudaý çadyr gurýar,

    Indi aramyzda ýaşar.

    Gaýgy-hasrat, ölüm-ýitim bolmaz,

    Hiç bir adam ajy gözýaş dökmez.

    «Men ähli zady täzeleýärin,

    Jenneti söz berýärin».