Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 138-NJI AÝDYM

«Agaran saçlar şöhrat täjidir»

«Agaran saçlar şöhrat täjidir»

(Nakyllar 16:31)

  1. 1. Ynha, köpleriň ýaşy

    Bir çene ýeten.

    Henizem berk durýarlar

    Imany bilen.

    Başyndan geçirdiler

    Kynçylyk, hasrat.

    Täze dünýä gelýänçä,

    Atam, ber gaýrat.

    GAÝTALAMA:

    Agyr zähmetini

    Salýarsyň ýada.

    Ebedi ýaşaýşy

    Berýärsiň wada.

  2. 2. Allanyň hak ýolunda

    Ak saç abraýy.

    Ýehowanyň öňünde

    Ezizdir bary.

    Ýaş wagty bolupdylar

    Yhlasly, güýçli.

    Wepaly ýaşaýarlar

    Şu wagta çenli.

    GAÝTALAMA:

    Agyr zähmetini

    Salýarsyň ýada.

    Ebedi ýaşaýşy

    Berýärsiň wada.