Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 1-NJI AÝDYM

Ýehowanyň häsiýetleri

Ýehowanyň häsiýetleri

(Ylham 4:11)

  1. 1. Ýehowa Hudaý şan-şöhrata baý,

    Ýaşaýyş berdiň, ýokdur güýjüňe taý.

    Beýik güýjüňi görýäris her gün,

    Seni wasp edýär Aý, ýyldyz, Gün.

  2. 2. Gökdäki tagtyň — adalat tagty,

    Sözüň arkaly açdyň hakykaty.

    Akyldarlygyň altyndan gymmat,

    Taý gelip bilmez asla hiç zat.

  3. 3. Kämildir seniň wepaly söýgiň,

    Bereketleri berýärsiň bolelin.

    Alkyş aýdylýar adyňa günde,

    Ýer ýüzüniň dört künjeginde.