Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowanyň söýgüsi barada oýlanyň

Ýehowanyň söýgüsi barada oýlanyň

«Seniň ähli işleriň hakda oýlanaryn» ZEB. 77:12

AÝDYMLAR: 11, 13

1, 2. a) Ýehowanyň öz halkyny söýýändigine näme üçin ynanýarsyňyz? b) Adamlar nähili ukyp bilen ýaradyldy?

SIZ Ýehowanyň öz halkyny söýýändigine ynanýarsyňyzmy? Bu soraga jogap bermezden öň, geliň, käbir mysallara seredeliň. Teýlen uýa özünden çendenaşa köp zat talap edýärdi. Ol dogan-uýalaryň paýhaslylyk babatda beren maslahaty barada şeýle diýýär: «Eger Ýehowa meni söýmedik bolsa, onda birnäçe ýyllap maňa öwüt-ündew bermezdi». Brijit uýanyň ýanýoldaşy aradan çykýar we iki çagasyny ýeke özi terbiýeleýär. Brijit şeýle gürrüň berýär: «Şeýtanyň dünýäsinde çagalaryňy ýeke terbiýelemekden agyr synag ýok eken. Emma men Ýehowanyň söýgüsini duýýaryn, çünki ol meni hasratly günlerimde hemişe goldaýar. Ol hiç haçan güýjümden artyk synaga ýol bermeýär (1 Kor. 10:13). Sandra uýa bolsa, ötüşen keselden ejir çekýär. Bir gün ol kongrese baranda, terjibeli doganyň aýaly onuň hal-ýagdaýyny soraýar. Sandranyň adamsy şeýle gürrüň berýär: «Biz uýa bilen tanyş bolmasak-da, onuň biziň bilen ýürekden gyzyklanmagy örän ruhlandyrdy. Dogan-uýalaryň söýgi bilen edýän ujypsyz işleri bize Ýehowanyň çuňňur söýgüsini görkezýär».

 2 Hudaý adamlary söýmek hem-de söýülmek zerurlygy bilen ýaratdy. Biz garaşylmadyk ýagdaý, lapykeçlik, keselçilik, pul ýetmezçiligi we adamlaryň hoş habara sowuk-sala garaýandygy sebäpli käte ruhdan düşýäris. Emma Ýehowanyň bizi söýýändigini, gymmat saýýandygyny we «sag elimizden tutup» kömek edýändigini unutmaň. Hawa, Allatagala wepaly gullukçylaryny hiç haçan terk etmeýär (Iş. 41:13; 49:15).

3. Ýehowanyň bizi söýýändigine ynanmaga näme kömek eder?

3 Görşümiz ýaly, Ýehowa dogan-uýalary kyn günlerinde goldaýar. Bizem onuň berjek goltgusyna şübhelenmän bileris (Zeb. 118:6, 7). Geliň, Hudaýyň söýgüsiniň 1) ýaradylan zatlar, 2) Mukaddes Ýazgylar, 3) doga we 4) töleg gurbany arkaly aýan bolýandygy barada gürrüň edeliň. Biz Ýehowanyň edýän ýagşy işleri barada oýlansak, Onuň dyngysyz bildirýän söýgüsine minnetdar bolarys (Zebur 77:11, 12-nji aýatlary okaň).

ÝEHOWANYŇ ÝARADAN ZATLARYNA SYN EDIŇ

4. Ýaradylyş Ýehowa barada nämäni aýan edýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

4 Biz ýaradylan zatlardan Ýehowanyň söýgüsini görýärismi? Elbetde! Sebäbi Hudaý ähli zady söýgi bilen ýaratdy (Rim. 1:20). Ýehowa biziň ýer ýüzünde diňe bir howpsuz ýaşamagymyzy däl, eýsem, durmuşdan lezzet almagymyzy isleýär. Meselem, adamlar ýaşamak üçin wagtly-wagtynda iýip-içmeli bolýarlar. Ýehowa ýokumly ir-iýmişleriň dürli görnüşlerini ýaradyp, adamlaryň lezzet almagyny isleýär (Wag. 9:7). Kanadada ýaşaýan Ketrin uýa bahar paslynda tebigata syn edip, guwanýandygy barada şeýle gürrüň berýär: «Tebigatyň al-ýaşyl dona bürenip, daş-töweregiň gülzarlyga öwrülişine we uzak ýurtlardan yzyna dolanyp gelýän guşlara haýran galýarsyň. Hatda aşhanamyň äpişgesinde naharlaýan kalibri guşjagazym-da gelipdir. Elbetde, Ýehowa şeýle ajaýyp zatlary bizi söýýändigi üçin berýär». Söýgüden doly gökdäki Atamyz elleriniň işine guwanýar we biziňem olardan lezzet alyp ýaşamagymyzy isleýär (Res. iş. 14:16, 17).

5. Ynsanyň ýaradylyşy Ýehowanyň söýgüsini nädip aýan edýär?

5 Adam çeken zähmetiniň hözirini görende, ýüregi heýjana gelýär (Wag. 2:24). Ýehowa adamlara ýer ýüzüni dolduryp, oňa eýeçilik etmegi, balyklardyr guşlaryň we janly-jandarlaryň aladasyny etmegi tabşyrdy (Gel. çyk. 1:26—28). Şeýle-de Ýehowa bizi özüne meňzäp bilmegimiz üçin gerekli häsiýetler bilen ýaratdy. Bu-da onuň söýgüsini görkezýär (Efes. 5:1).

HUDAÝYŇ SÖZÜNI GYMMAT SAÝYŇ

6. Mukaddes Ýazgylary näme üçin gymmat saýmaly?

6 Hudaý bize özüniň ylhamlanan Sözüni bermek bilen çäksiz söýgüsini görkezdi. Mukaddes Ýazgylar bize Allany tanamaga we onuň adamzada bolan garaýşyny bilmäge kömek edýär. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda ysraýyl halkynyň köplenç Hudaýa tabyn bolmandygy aýdylýar. Zebur 78:38-de Hudaýyň olara bolan garaýşy barada şeýle diýilýär: «Ol rehimdar bolansoň, günälerini  bagyşlady, olary heläk etmedi; gaharyny telim gezek olardan sowdy, bütin gazabyny oýandyrmady». Şu sözler barada oýlanmaklyk Ýehowanyň söýgüsine we edýän aladasyna minnetdarlygyňy artdyrýar. Ýehowa siziňem Gamhoryňyzdyr! (1 Petrus 5:6, 7-nji aýatlary okaň).

7. Biz Mukaddes Ýazgylary näme üçin çuňňur öwrenmeli?

7 Allatagala Mukaddes Ýazgylar arkaly biziň bilen gepleşýär. Şol sebäpli biz Hudaýyň Sözüni gymmat saýmaly. Ata-eneler çagalary bilen açyk we abatlaýjy gürrüň etseler, biri-birine ynamly bolup, söýgüsi artar. Biziň Ýehowa bilen gatnaşygymyz barada näme diýse bolar? Biz Allatagalany görmesek-de, sesini eşitmesek-de, ol Mukaddes Ýazgylar arkaly biziň bilen «gepleşýär» (Iş. 30:20, 21). Ýehowa halkyny erbetlikden goramak üçin görkezme berýär we özüni tanadyp, bil baglamaga höweslendirýär (Zebur 19:7—11; Süleýmanyň tymsallary 1:33-nji aýatlary okaň).

Ýehowa Ýehu arkaly Ýehoşapata käýese-de, patyşanyň «gowy işlerini» unutmady (8, 9-njy abzaslara serediň)

8, 9. Ýehowa bizi nämä ynandyrýar? Mysal getiriň.

8 Ýehowa bikämilligimize garamazdan, bizi söýýär we ýagşy häsiýetlerimizi görýär (2 Ýyl. 16:9). Meselem, Ýahudanyň patyşasy Ýehoşapat bilen bolan waka seredeliň. Ysraýylyň patyşasy Ahap siriýalylaryň elinden Ramotgilgady basyp aljak bolanda, Ýehoşapat oňa kömek etjekdigini aýdýar. 400 sany ýalan pygamber olaryň ýeňiş gazanjakdygyny aýdýarlar, emma  Ýehowanyň pygamberi Mika Ahabyň ýeňiljekdigini welilik edýär. Ahap uruşda wepat bolýar, Ýehoşapat bolsa zordan gaçyp gutulýar. Ol Iýerusalime dolanyp gelende, Ahaby goldandygy üçin käýinç alýar. Emma Hanany pygamberiň ogly Ýehu Ýehoşapata: «Sen gowy işler hem etdiň» diýýär (2 Ýyl. 18:4, 5, 18—22, 33, 34; 19:1—3).

9 Ýehoşapat hökümdarlyk eden döwrüniň başynda öz emeldarlaryna, lewilere, ruhanylara Ýehowanyň kada-kanunlaryny bütin halka öwretmegi tabşyrdy. Şeýlelikde, Ýahudanyň daş-töweregindäki ähli milletler Ýehowadan gorkup başladylar (2 Ýyl. 17:3—10). Ýehoşapat ýalňyşsa-da, Ýehowa onuň eden ýagşy işlerini unutmady. Bu wakadan görnüşi ýaly, eger Ýehowany razy etmäge çalyşsak, goýberýän ýalňyşlyklarymyza garamazdan, ol bizi hemişe söýer.

DOGA ETMEGI HORMAT SAÝYŇ

10, 11. a) Biz näme üçin doga etmegi gymmat saýmaly? b) Ýehowa dogalarymyza nähili jogap berýär?

10 Çagalaryny söýýän ata hemişe diňlemäge taýýar bolýar. Ol çagalarynyň biynjalyk bolýan zatlary barada ýürekden gyzyklanyp, olaryň aladasyny edýär. Biz hem gökdäki Atamyza doga edenimizde, ol bizi diňleýär. Doga etmek — uly hormat.

11 Ýehowa belli bir wagtda doga etmegi talap etmeýär. Biz oňa islendik wagty ýüzlenip bilýäris. Ýehowa biziň Dostumyz bolandygy üçin hemişe höwes bilen diňleýär. Makalanyň başynda agzalan Teýlen uýa: «Ýehowa ýüregiňi dökeniňde, ol dykgatly diňleýär» diýýär. Allatagala biziň ýürekden edýän dogalarymyza Mukaddes Ýazgylar we oňa esaslanan edebiýatlar ýa-da imandaşlarymyzyň ruhlandyryjy gürrüňleri arkaly jogap berýär. Biziň ýagdaýymyza adamlar düşünmese-de, Ýehowa düşünýär. Ýehowanyň biziň dogalarymyza jogap bermegi çuňňur söýgüsini görkezýär.

12. Biz Mukaddes Ýazgylardaky dogalary näme üçin öwrenmeli?

12 Biz Mukaddes Ýazgylarda ýazylan dogalardan köp zat öwrenýäris. Maşgala okuwynda Hudaýyň Sözündäki dogalar barada gürrüň etseňiz peýdaly bolar. Gadymy döwürde ýaşan Hudaýyň gullukçylarynyň dogasy bize manyly doga etmäge kömek edýär. Meselem, Ýunus pygamber uly balygyň garnyndaka, Hudaýa perýat etdi (Ýunus 1:17—2:10). Süleýman patyşa ybadathananyň açylyşynda ýürekden doga etdi (1 Pat. 8:22—53). Isanyň öwreden dogasy barada oýlanmak hem peýdalydyr (Mat. 6:9—13). Sizem «dilegleriňizi doga arkaly Hudaýa bildirseňiz, her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy... siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar». Şonda Ýehowanyň bildirýän söýgüsi üçin has-da minnetdar bolarsyňyz (Flp. 4:6, 7).

TÖLEG GURBANYNA MINNETDAR BOLUŇ

13. Isanyň töleg gurbany bize nähili umyt berýär?

13 Ýehowa biziň üçin töleg gurbanyny berip, çuňňur söýgüsini görkezdi. Bu gymmatly sowgat bize ebedi ýaşamaga umyt berýär (1 Ýahýa 4:9). Pawlus resul töleg gurbany barada şeýle diýdi: «Hawa, biz entek  güýçsüzkäk, Mesih belli wagtda hudaýsyzlar ugrunda öldi. Bir dogry adam ugrunda biriniň ölmegi müşgüldir, ýöne bir oňat adam ugrunda, belki, biri ölmäge ýürek eder. Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi» (Rim. 5:6—8). Şeýlelikde, ähli adamlar töleg gurbany arkaly Allatagala bilen dostlaşyp bilýär.

14, 15. Töleg gurbany a) mesh edilenlere we b) Ýerde ýaşajak mesihçileriň nähili umydy bar?

14 Ýehowa käbir mesihçilere aýratyn söýgüsini bildirýär (Ýahýa 1:12, 13; 3:5—7). Olar mukaddes ruh bilen mesh edilip, «Hudaýyň perzentleri» bolýarlar (Rim. 8:15, 16). Pawlus resul olaryň «Mesih Isa... bilen direlip, gökdäki älemlerde oturandygyny» aýtdy (Efes. 2:7). Mesh edilen mesihçiler «wada edilen Mukaddes Ruh bilen Onda (Mesihde) möhürlenip», «gökde saklanan umyda» eýe bolýar (Efes. 1:13; Kol. 1:4).

15 Töleg gurbanyna iman edýän adamlar Ýehowanyň dosty, perzentleri bolmaga we Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Ýehowa töleg gurbanyny berip, adamlara bolan söýgüsini görkezdi (Ýahýa 3:16). Ebedi ýaşamaga umyt edýän Ýehowanyň wepaly gullukçylary täze dünýäde ajaýyp durmuşdan lezzet alyp ýaşarlar. Hawa, töleg gurbany Allanyň çuňňur söýgüsini görkezýär.

ÝEHOWANYŇ SÖÝGÜSINE MINNETDAR BOLUŇ

16. Ýehowanyň söýgi bilen edýän aladasy barada näme üçin oýlanmaly?

16 Biz Ýehowanyň söýgi bilen ummasyz işleri edýändigini görýäris. Dawut patyşa: «Pikirleriň meniň üçin nähili gymmatly, eý Hudaý! Olaryň jemi nähili köp! Sanajak bolsam, çägeden köp» diýýär (Zeb. 139:17, 18). Ýehowanyň adamzat üçin edýän işleri hakda oýlansak, oňa bolan söýgimiz artar. Geliň, Ýehowanyň göwnünden turmaga jan edeliň!

17, 18. Biz Ýehowa bolan söýgimizi nädip görkezip bileris?

17 Biz Ýehowa bolan söýgimizi iş ýüzünde görkezmeli. Meselem, biz Patyşalyk barada yhlasly wagyz edip, Allatagalany we adamlary söýýändigimizi subut edýäris (Mat. 24:14; 28:19, 20). Şeýle-de wepalylygymyz synalanda aýypsyzlygymyzy saklasak, Ýehowany söýýändigimizi görkezýäris (Zebur 84:11; Ýakup 1:2—5-nji aýatlary okaň). Hatda biz agyr kynçylyklara duş gelsegem, Allatagalla ýagdaýymyza düşünip, bize hökman kömek eder. Sebäbi ol bizi çuňňur söýýär (Zeb. 56:8).

18 Biz Ýehowany söýýändigimiz üçin ýaradan ajaýyp zatlary we ägirt işleri barada oýlanmak isleýäris. Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmek bilen Ýehowany söýýändigimizi we onuň Sözüni gymmat saýýandygymyzy görkezýäris. Doga arkaly Ýehowa bilen dostlaşsak, oňa bolan söýgümizi bildireris. Şeýle-de Ýehowa töleg gurbany arkaly biziň günälerimizi bagyşlaýar. Biz bu barada oýlansak, oňa bolan söýgimiz has-da artar (1 Ýahýa 2:1, 2). Görşümiz ýaly, Ýehowanyň söýgüsine ençeme usullar bilen minnetdarlygyňy görkezip bolýar.