Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Ýiti ysly atyrdan ejir çekýän dogan-uýalara nädip kömek etse bolýar?

Gynansak-da, olar ýiti ysyň bar ýerlerinden hemişe gaça durup bilmeýärler. Şol sebäpli käbir dogan-uýalar: «Ýygnak duşuşyklaryna ýa-da kongreslere gelýän imandaşlardan atyr sepinmezligi haýyş edip bolarmy?» diýip soraýarlar.

Elbetde, mesihçi ýygnaga gelýän adamlaryň hiç birine ýamanlyk etmek islemeýär. Sebäbi biz birek-biregi ruhlandyrmak isleýäris (Ýew. 10:24, 25). Ýiti ysdan ejir çekýän adamlara käte ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak kyn bolýar. Şol sebäpli olar ýygnak ýaşulularyndan kömek sorap bilerler. Emma Mukaddes Ýazgylarda atyr sepinmek babatda görkezme berilmeýär. Ýygnak ýaşululary bu babatda belli bir düzgün çykarmaýarlar. Muňa garamazdan, olar dogan-uýalara şeýle adamlaryň ýagdaýyna düşünmäge kömek edip bilerler. Meselem, ýaşulular öňki makalalara esaslanyp, Gulluk duşuşygynyň ýerli zerurlyklar bölüminde käbir pikirleri okap ýa-da sypaýçylyk bilen bildiriş edip bilerler *. Emma muny her sapar gaýtalap durmaly däl. Ýygnak duşuşyklaryna hakykat bilen gyzyklanýan dürli-dürli adamlar gelýärler. Biz olaryň atyr sepinenligi sebäpli özlerini oňaýsyz duýmagyny islemeýäris.

Ýygnak ýaşulular ýiti ysdan ejir çekýänleriň ýagdaýyny göz öňüne tutup, olara Patyşalyk zalynyň bir otagyny bermeli. Şeýdip, olar ses eşidilýän gural arkaly ýygnak duşuşyklaryny diňläp bilerler. Eger şeýle mümkinçilik ýok bolsa, onda ýarawsyz dogan-uýalaryň ýygnak duşuşyklaryny telefon ýa-da ýazgy arkaly diňleýişleri ýaly, olara-da şeýle mümkinçiligi döretmeli.

«Hudaýa gullugymyzyň» soňky sanlarynda hem kongrese gelýän adamlara atyr sepinmek barada maslahat berilýär. Kongresleriň köpüsi ýapyk jaýlarda geçirilýänligi we ol ýerde howany tämizleýän serişdeleriň işleýändigi üçin ýiti ysly atyry azrak sepinmegi haýyş edilýär. Emma ýygnak duşuşyklarynda atyr sepinmek barada belli bir düzgün çykarmaly däl.

Biz zalym dünýäde bikämillikden ýaňa ejir çekýäris. Şol sebäpli biziň aladamyz edilse, örän begenýäris. Käbir dogan-uýalar ýygnakda ýiti ysly atyry azrak sepinip, başgalaryň aladasyny edýändigini görkezýärler. Şeýdip, biz dogan-uýalara söýgümizi bildireris!

Taryhy kitaplar Pontius Pilatusyň ýaşandygyny tassyklaýarmy?

Pilatusyň ady latyn harplar bilen ýazylan

Mukaddes Ýazgylarda Pontius Pilatusyň Isany ölüm jezasyna höküm edendigi barada ýazylan (Mat. 27:1, 2, 24—26). Emma ol barada başga-da taryhy kitaplarda ençeme sapar duş gelýär. Bir sözlüge görä, gadymy ýazgylarda «Ýahudada Rim hökümdarlarynyň arasynda (Pilatus hakynda) iň köp we jikme-jik maglumatlar berilýär» («The Anchor Bible Dictionary»).

Ýahudy taryhçysy Iosifyň eserlerinde Pontius Pilatusyň ady ençeme gezek duş gelýär. Ol Pilatusyň Ýahudada häkim bolan döwründe üç gozgalaň bolandygyny ýazýar. Ýahudy taryhçysy Filon bolsa dördünji gozgalaň barada ýazýar. Rim imperatorlary barada ýazan Tasit hem Pontius Pilatusyň Tiberiniň döwründe Isany höküm edendigini tassyklaýar.

1961-nji ýylda arheologlar Kaýsariýadaky (Ysraýyl) gadymy Rim teatryndan bir daş tapýarlar. Onuň ýüzüne latyn harplar bilen: «Ýahudanyň häkimi Pontius Pilatus rehimdar hudaýlaryň ady bilen (şu) Tiberiumy bagyş edýär» diýip ýazylan (surata serediň). Ol bina Rim imperatory Tiberiusa bagyşlanan ybadathana bolmaly.

Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän uýa suwda çokundyrylmadyk doganyň ýanynda ýaglyk daňmalymy?

2002-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Okyjylaryň sowallary» atly makalada uýanyň suwda çokundyrylmadyk ýa-da çokundyrylan doganyň ýanynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän mahaly ýaglyk daňmalydygy barada aýdylypdy. Ýöne indi biraz üýtgeşmeler girizildi.

Eger uýa suwda çokundyrylan doganyň ýanynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän bolsa, onda hökman ýaglyk daňmaly ýa-da ol okuwy geçirmegi dogandan haýyş edip biler. Uýa erkek kişä tabşyrylan ýumşy berjaý edýär. Şol sebäpli öýde suwda çokundyrylan dogan bolan ýagdaýynda-da, uýa ýaglyk daňmaly. Şeýdip, ol Ýehowanyň ýolbaşçylyk baradaky görkezmesine hormat goýýandygyny görkezýär (1 Kor. 11:5, 6, 10).

Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän uýa suwda çokundyrylmadyk we ýanýoldaşy bolmadyk doganyň ýanynda ýaglyk daňmasa-da bolýar. Eger şeýle ýagdaýda uýalaryň ynsyby ezýet berýän bolsa, ýaglyk daňyp bilerler.

^ abzas 4 «Oýanyň!» žurnalyndaky «Ýiti ysdan ejir çekýänlere kömek ediň (MCS)» atly makala serediň (g00-U 8/8 sah. 8—10).