Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Biz näme üçin mukaddes bolmaly?

Biz näme üçin mukaddes bolmaly?

«Siz mukaddes bolmalysyňyz». LEW. 11:45

1. Lewiler kitabynyň bize nähili peýdasy bar?

ÝEHOWA her bir gullukçysynyň mukaddes bolmagyny isleýär. Mukaddes Ýazgylaryň beýleki kitaplaryna garanyňda, mukaddeslik barada Lewiler kitabynda köp agzalýar. Şol sebäpli bu kitaba gowy düşünmek we özleşdirmek bize mukaddes bolmaga, ýagny ruhy, ahlak hem-de beden taýdan arassa galmaga kömek eder.

2. Lewiler kitabynyň nähili aýratynlygy bar?

2 Lewiler kitabyny Musa pygamber ýazdy. Bu kitap hem «Ýazgylaryň» bir bölegi bolup, öwretmek üçin peýdalydyr (2 Tim. 3:16, 17). Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda Ýehowanyň ady Lewiler kitabynyň her babynda takmynan on gezek duş gelýär. Bu kitaba gowy düşünmek bize Hudaýyň adyna ysnat getirýän zatlaryň ählisinden gaça durmaga kömek eder (Lew. 22:32). Şol kitapda ençeme gezek agzalýan «Hudaýyňyz Reb — Mendirin» diýen sözler Ýehowa gulak asmagyň wajypdygyny ýatladýar. Biz şu we indiki makalada Lewiler kitabyndan gymmatbaha dürdäne ýaly pikirlere serederis. Bu bize Hudaýa mukaddes gullugymyzy amala aşyrmaga ýardam eder.

 MUKADDESLIK TALAP EDILÝÄR

3, 4. Harunyň we onuň ogullarynyň ýuwunmagy nämäni aňladýardy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

3 Lewiler 8:5, 6-njy aýatlary okaň *. Ýehowa Haruny Ysraýylda baş ruhany we onuň ogullaryny halkyň ruhanylary edip belledi. Harun Isa Mesihi, onuň ogullary bolsa, Isanyň mesh edilen şägirtlerini aňladýar. Harunyň ýuwunmagy Isanyň hem tämizlenmelidigini aňladýarmy? Ýok. Isa günäsiz we «müýnsüz» bolany üçin, tämizlenmäge mätäç däl (Ýew. 7:26; 9:14). Emma Harunyň ýuwunmagy Isanyň arassa we dogruçyldygyny görkezýärdi. Onda Harunyň ogullarynyň ýuwunmagy nämäni aňladýardy?

4 Olaryň ýuwunmagy gökde ruhanylar bolmak üçin saýlananlaryň arassalanmalydygyny aňladýardy. Mesh edilenleriň suwda çokundyrylmagy Harunyň ogullarynyň arassalanmagy bilen baglanyşyklymy? Ýok, suwda çokundyrylmak günäleri ýuwman, adamyň özüni Ýehowa bagyş edendigini görkezýär. Mesh edilenler Hudaýyň «sözi bilen» arassalanýarlar. Şol sebäpli olar Isa Mesihiň öwreden zatlarynyň ählisini ak ýürekden ýerine ýetirmeli (Efes. 5:25—27). Şeýdip, olar mukaddes we arassa bolýarlar. Emma «başga goýunlar» barada näme diýse bolar? (Ýahýa 10:16).

5. Başga goýunlar näme üçin Hudaýyň Sözi bilen arassalanýar diýse bolar?

5 Harunyň ogullary «uly märekäniň» agzalaryny aňlatmaýar (Ylh. 7:9). Emma olar hem Hudaýyň Sözi bilen arassalanyp, mukaddes bolýarmy? Elbetde! Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar Mukaddes Ýazgylardan Isanyň döken ganynyň ähmiýeti barada okap, iman edýärler we Hudaýa «gije-gündiz hyzmat edýärler» (Ylh. 7:13—15). Mesh edilen mesihçileriň we başga goýunlaryň yzygiderli arassalanýandygy, olaryň «oňat edim-gylymyndan» aýdyň görünýär (1 Pet. 2:12). Ýehowa bu wepaly gullukçylarynyň Çopany Isanyň yzyna eýerip, arassa we agzybir sežde edýändiklerini görüp, örän begenýär!

6. Biz näme üçin özümizi wagtal-wagtal barlamaly?

6 Ysraýyl ruhanylaryndan beden arassalygynyň talap edilmegi Ýehowanyň häzirki halky üçin hem çuň manysy bar. Gyzyklanýan adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän dogan-uýalar sežde edýän ýerimiziň we egin-eşigimiziň arassa hem-de gelşikli bolmalydygy barada köplenç belläp geçýärler. Emma ruhanylaryň arassaçylygy Ýehowanyň beýik dagyna çykýan her bir gullukçysynyň «ýüreginiň ak» bolmalydygyny görkezýär (Zebur 24:3, 4-nji aýatlary okaň; Iş. 2:2, 3). Ýehowa gulluk edenimizde, biziň diňe bir daş keşbimiz däl, eýsem, pikirimiz we ýüregimiz hem arassa bolmaly. Şol sebäpli biz mukaddes bolmak üçin wagtal-wagtal özümizi çynlakaý barlamaly. Belki-de, käbir özgerişleri etmelidir (2 Kor. 13:5). Mysal üçin, bir dogan ýa-da uýa bilgeşleýin pornografiýa görýän bolsa, özünden: «Şeýle etmek bilen, men mukaddesligimi saklaýarynmy?» diýip sorasa gowy bolar. Şonda ol erbet endigini goýmak üçin kömek sorar (Ýakup 5:14).

TABYN BOLUP, MUKADDESDIGIŇIZI GÖRKEZIŇ

7. Lewiler 8:22—24-nji aýatlara laýyklykda, Isa nähili görelde galdyrdy?

7 Ysraýylda ruhanylar bellenende, baş ruhany Harunyň we ogullarynyň sag gulagyna, eliniň hem-de aýagynyň başam barmagyna goçuň gany  çalyndy (Lewiler 8:22—24-nji aýatlary okaň) *. Bu olaryň Ýehowa tabyn bolup, borçlaryny gowy ýerine ýetirmek üçin elinde baryny etmelidigini aňladýardy. Bu babatda Baş ruhany Isa mesh edilenlere we başga goýunlara kämil görelde galdyrdy. Onuň gulagy Hudaýyň görkezmesine gerlendir we elleri Ýehowanyň işini edip, aýaklary hiç haçan mukaddes ýoldan sowulmaýar (Ýahýa 4:31—34).

8. Biziň ählimiz näme etmeli?

8 Biziň ählimiz Ýehowanyň gullukçylary hökmünde Isanyň göreldesine eýerip, aýypsyzlygymyzy saklamaly. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardaky görkezmelere tabyn bolup, Ýehowanyň ruhuny gamgyn etmejek bolmaly (Efes. 4:30). Biz «aýaklarymyz üçin göni ýollar ýasamaly» (Ýew. 12:13).

9. Üç dogan nämäni gürrüň berýär we bu bize mukaddes galmaga nädip kömek eder?

9 Geliň, onlarça ýyldan bäri Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän üç doganyň aýdan sözlerine seredeliň. Olaryň biri şeýle gürrüň berýär: «Bu meniň üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Emma mesh edilen doganlar bilen ýygy-ýygydan hyzmatdaşlyk edeniňde, olaryň hem biziň ýaly bikämil adamdygyna göz ýetirýärsiň. Muňa garamazdan, men ýolbaşçylyk edýänlere hemişe tabyn bolmagy maksat edindim». Beýleki dogan bolsa şeýle diýýär: «2 Korintoslylar 10:5-de „Mesihe boýun bolmak“ barada aýdylan sözler ýolbaşçylyk edýän doganlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge we olara tabyn bolmaga kömek etdi. Men olara ýürekden tabyn bolýaryn». Doganlaryň ýene biri şeýle diýýär: «Ýehowanyň guramasyna we niýetini amala aşyrmakda ulanýan adamlaryna tabyn bolýandygymyzy görkezmek üçin, Hudaýyň söýýän zadyny söýüp, ýigrenýän zadyny ýigrenmeli, hemişe onüň görkezmesini gözlemeli we oňa ýaraýan zatlary etmeli». Bu dogan Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolan Neýtan Norr doganyň tabynlygyndan görelde alandygyny aýdýar. 1925-nji ýylyň «Garawul diňi» žurnalyndaky «Halkyň döremegi» diýen makalada aýdylan pikirlere başgalar şübhelense-de, Norr dogan ýürekden kabul edýär. Biz üç doganyň aýdan sözleri barada oýlansak, Hudaýa tabyn bolmaga we mukaddes galmaga kömek eder.

HUDAÝYŇ GAN BARADAKY KANUNYNA ÝÜREKDEN GULAK ASYŇ

10. Hudaýyň gan baradaky kanunyna gulak asmak näme üçin wajyp?

10 Lewiler 17:10, 14-nji aýatlary okaň *. Ýehowa ysraýyllylara «hiç bir jandaryň ganyny» iýmezligi tabşyrdy. Şol sebäpli mesihçiler hem gandan gaça durmaly (Res. iş. 15:28, 29). Biz Ýehowa garşy günä edip, onuň bizden ýüz öwürmegini we ýygnak gatnaşygyndan kesilmegimizi göz öňüne getirmäge-de gorkýarys. Biz Ýehowany söýýäris we oňa gulak asmak isleýäris. Hatda janymyza howp abansa-da, Ýehowany tanamaýan we oňa gulak asmaýan adamlaryň ýalbaryşyna ýa-da talabyna yrylmak islemeýäris. Elbetde,  gandan gaça durýandygymyz üçin, bizi ýaňsylaýarlar. Emma biz Ýehowa tabyn bolmagy ýüregimize düwdük (Ýahuda 17, 18). Gan iýmekden ýa-da ony goýbertmekden gaça durmaga bize näme kömek eder? (Kan. tag. 12:23).

11. Günäden saplanma güni näme üçin ýöne bir adat däl diýse bolar?

11 Gadymy Ysraýylda baş ruhanynyň Günäden saplanma gününde gany nädip ulanandygyny bilsek, Hudaýyň gana bolan garaýşyna düşünmäge kömek eder. Gan belli bir maksat bilen, ýagny Ýehowa ýakynlaşmak isleýän adamlaryň günäsiniň bagyşlanmagy üçin ulanylýardy. Öküzçäniň we erkejiň gany äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepilýärdi (Lew. 16:14, 15, 19). Bu gan arkaly Hudaý ysraýyllylaryň günäsini bagyşlaýardy. Şeýle-de Ýehowa kimdir biri haýwany iýmek üçin öldürse, onuň ganyny ýere döküp, üstüni toprak bilen basyrsyn diýip tabşyrdy. Sebäbi «her bir jandaryň jany — onuň ganyndadyr» (Lew. 17:11—14). Bu tabşyryklara ýöne bir ähmiýetsiz adat diýse bolarmy? Ýok. Sebäbi ýüzlerçe ýyl öň, Ýehowa Nuh pygambere we onuň nesillerine hem gan iýmegi gadagan edipdi (Gel. çyk. 9:3—6). Bu mesihçiler üçin nämäni aňladýar?

12. Pawlus resul gan arkaly günäleriň bagyşlanýandygyny nädip düşündirdi?

12 Pawlus resul gan arkaly tämizlenip bolýandygyny ýewreý mesihçilerine ýazan hatynda şeýle düşündirdi: «Mukaddes Kanun boýunça zatlaryň hemmesi diýen ýaly gan bilen tämizlenýär. Gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz» (Ýew. 9:22). Şeýle-de ol mal gurbanlarynyň ysraýyllylaryň günälidigini we günäden doly saplanmagy üçin has gymmatly gurbana mätäçdigini ýatladandygyny aýtdy. Hawa, Musa pygambere berlen kanun «geljekki oňat zatlaryň asly däl-de, kölegesidir» (Ýew. 10:1—4). Onda günäler nädip bagyşlanýar?

13. Isanyň ganynyň bahasyny Ýehowa hödürlemegi size nähili täsir edýär?

13 Efesliler 1:7, 8-nji aýatlary okaň. Isa Mesihiň ähli adamzat üçin beren töleg gurbanynyň ony we  Ýehowany söýýän adamlar üçin uly ähmiýeti bar (Gal. 2:20). Isa direlensoň biziň günälerimiziň bagyşlanmagyna ýol açdy. Bu Musanyň kanuny boýunça Günäden saplanma güni baş ruhanynyň eden işlerine meňzeýär. Şol gün baş ruhany çadyryň iň mukaddes otagyna girip, gurban edilen mallaryň ganyny Hudaýa hödürleýärdi. Şeýdip, ol Hudaýyň huzuryna barýan ýaly bolýardy (Lew. 16:11—15). Şonuň ýaly-da, Isa Mesih ganynyň bahasyny gökde Ýehowa hödürledi (Ýew. 9:6, 7, 11—14, 24—28). Biz Isanyň döken ganyna iman edip, günälerimiziň bagyşlanýandygyna we Hudaýa arassa ynsap bilen gulluk edip bilýändigimize örän begenýäris!

14, 15. Ýehowanyň gan baradaky kanunyna düşünmek we gulak asmak näme üçin wajyp?

14 Siz indi Ýehowanyň näme üçin hiç bir jandaryň ganyny iýmezligi tabşyrandygyna gowy düşünýärsiňizmi? (Lew. 17:10, 14). Hudaýyň gany näme üçin mukaddes hasaplaýandygyna göz ýetirdiňizmi? Sebäbi gan jany aňladýar (Gel. çyk. 9:4). Hawa, biz gana Hudaýyň garaýşy ýaly garap, ondan gaça durmaly. Siz munuň bilen ylalaşýarmysyňyz? Biziň her birimiz Hudaý bilen dostlaşmak üçin, Isanyň töleg gurbanyna iman etmeli we ganyň Ýaradyjymyz üçin ähmiýetlidigine düşünmeli (Kol. 1:19, 20).

15 Emma biz duýdansyz kynçylyga düşenimizde, gan babatda belli bir karara gelmeli bolarys. Ýa-da maşgala agzalarymyzyň we dost-ýarlarymyzyň biri gan goýbertmek, ganyň fraksiýalary, ýa-da gan bilen bejergi almak barada karara gelmeli bolarlar. Şol sebäpli bolup biläýjek betbagtçylyklara öňünden taýýarlanmak örän wajyp. Biz Ýehowa doga edip, gözleg geçirsek, gandan gaça durmagy berk ýüregimize düwüp bileris. Elbetde, biz Ýehowanyň ýazgarýan işini edip, ony gynandyrmak islemeýäris! Lukmanlar we başgalar adamlaryň janyny halas etmek üçin gan bermegi maslahat berýärler. Emma Ýehowanyň mukaddes halky gany nädip ulanmalydygyny Ýaradyjynyň aýtmaga hukuklydygyna düşünýär. Ýehowa «her bir jandaryň ganyny» mukaddes hasaplaýar. Şol sebäpli biz Hudaýyň gan baradaky kanunyna gulak asmagy ýüregimize düwmeli. Şeýle-de biz özümizi mukaddes alyp barmak bilen, Isanyň ganyny gymmat saýýandygymyzy görkezmeli. Sebäbi diňe onuň gany günälerimiziň bagyşlanmagyna we ebedi ýaşaýşa ýol açýar (Ýahýa 3:16).

Ýehowanyň gan baradaky kanunyna gulak asmagy berk ýüregiňize düwdüňizmi? (14, 15-nji abzaslara serediň)

ÝEHOWA NÄME ÜÇIN BIZIŇ MUKADDES BOLMAGYMYZY ISLEÝÄR?

16. Ýehowanyň halky näme üçin mukaddes bolmaly?

16 Hudaý ysraýyl halkyny Müsür gulçylygyndan azatlyga çykaranda, olara şeýle diýdi: «Men Reb sizi Müsür topragyndan, siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin» (Lew. 11:45). Ýehowanyň mukaddes bolany üçin, ysraýyllylaram mukaddes bolmalydy. Bizem Ýehowanyň Şaýatlary bolanymyz üçin mukaddes bolmaly. Muny Lewiler kitabyndan aýdyň görse bolýar.

17. Siz indi Lewiler kitabyna nähili garaýarsyňyz?

17 Lewiler kitabyndan ara alyp maslahatlaşan pikirlerimiz biziň üçin peýdaly boldy. Biz indi Mukaddes Ýazgylaryň Lewiler kitabyny has-da gymmat saýýarys. Kitapdaky wajyp wakalar barada oýlanyp, biz näme üçin mukaddes bolmalydygymyza gowy düşündik. Emma Lewiler kitabyndan ýene-de nämeleri öwrenip bileris? Bu kitap Hudaýa sežde edenimizde mukaddes bolmaga nädip kömek edip biler? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

^ abzas 3 Lewiler 8:5 Musa halka ýüzlenip: «Men Rebbiň özüme beren şu aşakdaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmelidirin» diýdi. 6 Şundan soň, Musa Haruny we onuň ogullaryny öňe çykaryp, olardan ýuwunmaklaryny talap etdi.

^ abzas 7 Lewiler 8:22 Soňra ol hödür edilen ikinji goçy, belleme goçuny getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular. 23 Musa goçuň damagyny çalyp, onuň ganyndan aldy. Harunyň sag gulagynyň ýumşak etli ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna gan çaldy. 24 Onsoň Harunyň ogullaryny öňe çykardylar. Musa olaryňam sag gulaklarynyň ýumşak etli ýerine, sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna gan çaldy. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi.

^ abzas 10 Lewiler 17:10 Eger Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkymdan çetleşdirerin. 14 Çünki her bir jandaryň jany – ganyndadyr. Şonuň üçin Men Ysraýyl halkyna şeýle diýdim: Hiç bir jandaryň ganyny agzyňyza almaň, çünki her bir jandaryň jany – onuň ganyndadyr. Ony iýen Meniň halkymdan çetleşdirilsin.