Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 ARHIWIMIZDEN

Ýaponiýada hakykat nury şöhle saçýar

Ýaponiýada hakykat nury şöhle saçýar

Tokioda nutuga çakylyklar paýlandy we Osaka şäherinde uçardan seçildi

1926-NJY ýylyň 6-njy sentýabrynda ABŞ-da ýaşaýan ýaponiýaly piligrim (aýlanýan gözegçi) missioner bolup Ýaponiýa dolanýar. Kobe şäherinde ony bir dogan garşy alýar. Ol «Garawul diňi» žurnalyny ilkinji alyp başlapdy we Mukaddes Ýazgylary öwrenýän topary döredipdi. 1927-nji ýylyň ýanwar aýynyň 2-sine Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler şol şäherde ilkinji gezek etrap kongresini geçirdiler. Oňa jemi 36 adam gatnaşyp, 8 adam suwda çokundyryldy. Bu örän gowy başlangyçdy. Emma bu kiçijik topar Ýaponiýanyň 60 million ilatyna hakykaty nädip ýetirip biler?

1927-nji ýylyň maý aýynda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň arasyndaky ukyply doganlar adamlary Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuklara çagyrmak üçin ýörite kampaniýa gurnadylar. Doganlar Osaka şäherinde boljak ilkinji nutuk barada köçelerde plakatlar we afişalar arkaly adamlara habar berdiler. Olar şäheriň at-abraýly adamlaryna-da 3 müň sany çakylyk iberdiler. Şeýle-de olar 150 müň sany çakylyk paýladylar, Osakanyň esasy gazetlerinde we 400 müň sany otly petegi arkaly nutuk barada habar berdiler. Nutugyň bolan güni şäheriň ýokarsyndan iki sany uçar 100 müň sany çakylygy aşak seçdi. Şol gün Osaka şäheriniň Asahi zalyna «Hudaýyň Patyşalygy golaýlady» diýen nutugy diňlemäge takmynan 2 300 adam geldi. Müňe golaý adama bolsa ýer tapylmandygy üçin, yzlaryna gaýtmaly boldular. Nutukdan soň, 600-den gowrak adam doganlar bilen sorag-jogap alyşmak üçin galdy. Şondan soňky aýlarda Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuklar bilen Kiotoda we günbatar Ýaponiýanyň başga şäherlerinde-de çykyş edildi.

1927-nji ýylyň oktýabr aýynda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Tokioda nutuk bilen çykyş etdiler. Bu gezek hem şäheriň wezipeli adamlaryna, ýagny premýer-ministrine, mejlisiň agzalaryna, dini we harby ýolbaşçylara çakylyk paýlandy. Nutuk barada afişalarda, gazetlerdäki bildirişlerde habar berildi we 710 müň sany çakylyk paýlandy. Netijede, Ýaponiýanyň paýtagtynda çykyş edilen üç nutuga 4 800 adam geldi.

YHLASLY PIONERLER

Katsuo we Hagino Miura

Kitap paýlaýanlar (pionerler) Patyşalyk baradaky habary öýden-öýe wagyz etmekde wajyp orun tutýardylar. Ýaponiýadaky ilkinji kitap paýlaýanlar Matşue Işi we Jizo atly är-aýal ýurduň dörtden üç bölegine aýlanyp çykdylar. Olar ýurduň demirgazygyndaky Sapporodan Sendaýa, Tokio, Ýokogama, Nagoýa, Kiota we Tokusima çenli wagyz etdiler. Işi uýa bilen Sakiko Tanaka atly gartaşan uýamyz döwlet işgärleriniň ýanyna milli eşiklerini geýip gitdiler. Bu işgärleriň biri uýalardan «Hudaýyň arfasy» we «Gutulyş» atly kitaplaryň 300 sanysyny türmäniň kitaphanasyna getirmegi haýyş etdi.

 Işi uýa Katsuo we Hagino Miura birnäçe kitap berýär. Olar kitaplary höwes bilen okap, hakykaty kabul etdiler. Olar 1931-nji ýylda suwda çokundyrylyp, kitap paýlaýanlar boldular. 1930-njy ýyldan biraz öň, Haruişi we Tane Ýamada hem-de olaryň dogan-garyndaşlary hoş habary kabul etdiler. Bu är-aýal hem kitap paýlaýanlar boldy we olaryň gyzy Ýukiko Tokiodaky Beýtelde gulluk edip başlady.

ULY WE KIÇI «ÝEHUW»

Uly «Ýehuwa» alty sany adam sygýardy

Şol döwürde ulaglar örän gymmatdy, şäheriň ýollary hem erbetdi. Şol sebäpli Kazumi Minura dogan bilen başga-da kitap paýlaýanlar ulaga tirkelýän jaýlary ulanýardylar. Doganlar olary Ysraýylyň patyşasy bolan Ýehuwyň arabasyna meňzedip, «Ýehuw» diýip atlandyrdylar (2 Pat. 10:15, 16). Üç sany uly «Ýehuwyň» her biriniň uzynlygy 2, 2 m, ini 1, 9 m, beýikligi 1, 9 m bolup, onuň içinde alty sany adam ýaşap bilýärdi. Ýaponiýanyň filialy welosipede tirkelýän iki adamlyk 11 sany kiçi «Ýehuwy» hem ýasady. Muny ýasamaga kömek eden Kişi Iwasaki dogan şeýle gürrüň berýär: «Ýehuwlaryň her birinde üstüne ýapylýan çadyr we çyra ýakmak üçin ulagyň akkumulýatory bardy». Kitap paýlaýanlar «Ýehuwy» daglyk ýerlerde itip-çekip we jülgelerden geçip, Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Hokkaýdodan günortasyndaky Kýusýu çenli hakykat nurunyň şöhle saçmagyna ýardam etdiler.

Kiçi «Ýehuwa» iki sany adam sygýardy

Kitap paýlaýan Ikumatsu Ota dogan şeýle diýýär: «Şähere baranymyzda „Ýehuwymyzy“ derýanyň boýunda ýa-da açyk meýdanda goýardyk. Biz ilki şäheriň häkimi bilen görşüp, soňra öýden-öýe edebiýatlarymyzy paýlardyk. Bir şähere aýlanyp bolanymyzdan soň, başga şähere giderdik».

Kobe şäherinde Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň geçiren ilkinji etrap kongresine bary-ýogy 36 sany adam barypdy (Zak. 4:10). Şondan bäş ýyl geçensoň, 1932-nji ýylda Ýaponiýada 103 sany kitap paýlaýanlar we wagyzçylar yzygiderli hasabat tabşyrdylar. Olar 14 müňden gowrak kitap paýladylar. Şu günler Ýaponiýanyň ähli künjeginde wagyz edilýär we takmynan 220 müň wagyzçy hakykat nurunyň şöhle saçmagyna goşandyny goşýar (Ýaponiýadaky arhiwimizden).

Ýaponiýadaky Beýtelde «Ýehuwy» ýasan Kişi Iwasakiniň çyzgysy