Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ene-ataňa gulak asmak bankdan alan karzyňy wagtynda beren ýaly. Näçe köp gulak assaň, şonça-da ynama girersiň

 ÝAŞLARA

10. Ynamdar bolmak

10. Ynamdar bolmak

NÄME?

Şeýle adamlara ene-atasy, dostlary, başlygy hem ynanýar. Ynamdar adam goýlan düzgünleri berjaý edýär, beren sözünde durýar we elmydama dogrusyny aýdýar.

NÄME ÜÇIN WAJYP?

Sen näçe ynama girseň, şonça-da saňa erkinlik berler.

«Ene-ataň ynamyna girjek bolsaň, diňe olar bar wagty däl-de, ýanyňda ýok wagtlary hem özüňi gowy alyp barmaly we her bir zada çynlakaý seretmeli» (Bibisara).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Özüňizi barlap duruň» (2 Korinfliler 13:5).

NÄME EDIP BILERSIŇIZ?

Biriniň ynamyna girjek bolsaň ýa-da ynamdan gaçan bolsaň, aşakdaky maslahatlar kömek eder.

Dogruçyl bol. Eger ýalan sözleseň, ynamdan gaçarsyň. Şonuň üçin eden ýalňyşyňy gizlemän, boýun al. Şonda saňa ynanarlar.

«Ýalňyşmaýan wagtyň dogruçyl bolmak aňsat. Ýöne gowy görünjek bolup ýalan sözleseň, hasam ynamdan gaçarsyň» (Gaýrat).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Ähli zatda dogruçyl bolmak isleýäris» (Ýewreýler 13:18).

Ynama gir. Geçirilen barlaga görä, gowy işgärleriň esasy aýratynlygynyň biri dogruçyllyk. Ýaşlaram dogruçyl bolsalar, ulalanda-da köp peýdasy deger.

«Men öýüň işlerini ene-atama aýtdyrman edýärin. Käbir işleri özümden bilip etsem, olar maňa has köp ynanýarlar» (Sara).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Men haýyşymy ýerine ýetirjekdigiňi... garaşanymdan hem köp zat etjekdigiňi bilýärin» (Filimun 21).

Sabyrly bol. Boýuň össe, sesiň ýognasa, garaz, ulalsaň derrew göze ilýärsiň. Ýöne ynamdar adamdygyňy subut etmek üçin wagt gerek bolýar, şonuň üçin sabyrly bol.

«Ene-ataň ýa-da uly adamlaryň ynamyna bir gezekde girip bolmaýar. Ýöne jan etseň, wagtyň geçmegi bilen olar saňa ynanarlar» (Bagtyýar).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Sabyrly boluň» (Koloslylar 3:12).