Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýaşlar, Iblise garşy duruň!

Ýaşlar, Iblise garşy duruň!

«Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň söweş üçin berýän ähli ýaraglaryny dakynyň». EFES. 6:11

AÝDYMLAR: 139, 55

1, 2. a) Ýaş mesihçiler zalym ruhlara garşy söweşde näme üçin ýeňiş gazanýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

PAWLUS resul mesihçileri söweşe gatnaşýan esgerlere meňzetdi. Elbetde, biz göni manyda däl-de, ruhy söweşe gatnaşýarys. Emma biziň duşmanlarymyz hakykatdanam bar. Şeýtan we onuň jynlary örän tejribeli hem-de ökde söweşiji. Göräýmäge, biziň ýagdaýymyz çykalgasyz ýaly bolup görünýär. Esasan-da, ýaşlar gowşak bolup görünmegi mümkin. Ýaşlar adamlardan has güýçli bolan bu zalym ruhlara garşy söweşde ýeňiş gazanyp bilermi? Elbetde! Olaryň köpüsi eýýäm ýeňiş gazandylar. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi «Hudaý kuwwatly güýji arkaly (olary) berkidýär». Emma olar ýöne bir Ýehowanyň kömegine bil baglaman, gowy tälim berlen esgerler ýaly, «Hudaýyň söweş üçin berýän ähli ýaraglaryny» hem dakynýarlar (Efesliler 6:10—12-nji aýatlary okaň).

2 Pawlus resul mysalynda rim esgerleriniň dakynan ýaraglaryny göz öňünde tutan bolmaly (Res. iş. 28:16). Geliň, onuň bu mysaly näme üçin getirendigine seredeliň. Bu barada gürrüň edenimizde, käbir ýaşlaryň kynçylyklary we ruhy ýaraglaryň her birini dakynmagyň berýän peýdasy hakda näme diýýändiklerine üns beriň.

Siz ähli ýaraglary dakyndyňyzmy?

 «HAKYKAT GUŞAGY»

3, 4. Ýazgylardaky hakykaty näme üçin rim esgeriniň guşagyna meňzetse bolýar?

3 Efesliler 6:14-i okaň. Rim esgeriniň guşagyndaky metaldan ýasalan plastinalar onuň bilini goraýardy. Ol esgeriň egnindäki ýaraglaryny ýeňletmek üçin niýetlenendi. Käbir guşakda esgeriň gylyjyny we hanjaryny götermek üçin berk gysgyçlar bolýardy. Şeýle berk guşagyň kömegi bilen, esger söweşde özüni has ynamly duýup bilýärdi.

4 Şonuň ýaly Hudaýyň Sözünden öwrenen hakykatlarymyz bizi ýalan taglymatlaryň ýetirýän ruhy zyýanyndan goraýar (Ýah. 8:31, 32; 1 Ýah. 4:1). Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlara bolan söýgümiz näçe güýçli bolsa, «hakykat guşagyny» dakynmak, ýagny Hudaýyň dogry kada-kanunlary boýunça ýaşamak şonça-da aňsat bolýar (Zeb. 111:7, 8; 1 Ýah. 5:3). Şeýle-de Hudaýyň Sözündäki hakykatlara aýdyň düşünenimizde, synagda berk durup, duşmanlarymyza gaýtawul berip biljekdigimize has-da ynamly bolýarys (1 Pet. 3:15).

5. Biz näme üçin hakykaty aýtmaly?

5 Bilimizi Ýazgylardaky hakykat bilen guşasak, şoňa görä ýaşap, hemişe hakykaty aýtmaga islegimiz artar. Biz näme üçin ýalan sözlemekden gaça durmaly? Sebäbi ýalan sözlemek Şeýtanyň ökdelik bilen ulanýan ýaraglarynyň biri hasaplanýar. Ýalan söz ony aýdýan adama-da, oňa ynanýan adama-da zyýan ýetirýär (Ýah. 8:44). Biz bikämil bolsak-da, ýalan sözlemekden gaça durmak üçin elimizde baryny edýäris (Efes. 4:25). Elbetde, bu aňsat däl. 18 ýaşly Abygaýyl şeýle diýýär: «Esasanam, ýalan sözläniňde kynçylykdan gaçyp bolýar. Şonuň üçinem dogryňy aýtmak hemişe aňsat bolmaýar». Onda Abygaýyl näme üçin dogruçyl bolmak isleýär? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Dogrymy aýdanymda, Ýehowanyň öňünde ynsabym arassa bolýar. Ene-atam we dostlarym bolsa maňa has-da köp ynanýarlar». 23 ýaşly Wiktoriýa hem şeýle diýýär: «Haçanda hakykaty aýdanyňda we ynanýan zatlaryňa berk eýereniňde, saňa haýbat atmaklary mümkin. Emma sen onuň hemişe peýdaly tarapyny hem görýärsiň. Şonda özüňe bolan ynamyň artýar, Ýehowa has-da ýakynlaşýandygyňy duýýarsyň we seni gowy görýän adamlaryň hormatyny gazanýarsyň». Görşümiz ýaly, «biliňe hakykat guşagyny daňmak» hemişe peýda getirýär.

Hakykat guşagy (3—5-nji abzaslara serediň)

«DOGRULYK SOWUDY»

6, 7. Dogrulyk näme üçin sowut bilen deňeşdirilýär?

6 I asyrdaky rim esgerleriniň dakynan sowudynda biri-birine sepleşip duran ýasy demir bölekleri bolýardy. Olar esgeriň döşünde ykjam oturar ýaly egreldilip, metaldan ýasalan gaňyrçaklaryň we ildirgiçleriň kömegi bilen deriden edilen guşaklara berkidilýärdi. Esgeriň bedeniniň ýokarky bölekleri bolsa has ýasy demir bölekleri bilen örtülýärdi. Elbetde, bu esgeriň söweşde arkaýyn hereket etmegine biraz päsgel berýärdi we ol demir bölekleriň öz ýerine pugta berkidilendigini hemişe barlap durmaly bolýardy. Emma sowut esgeriň ýüregini we beýleki wajyp beden agzalaryny gylyçdan ýa-da peýkamyň okundan goraýardy.

7 Bu deňeşdirme Ýehowanyň dogry kada-kanunlarynyň biziň göçme manydaky ýüregimizi goraýandygyny gowy suratlandyrýar (Sül. tym. 4:23). Esgeriň demir sowudyny başga bir pes hilli metaldan ýasalan sowuda çalyşmaýşy ýaly, bizem Ýehowanyň kada-kanunlaryny hiç haçan öz dogry hasaplaýan zatlarymyza çalyşmarys. Bikämildigimiz sebäpli gelýän kararlarymyz bize gerekli goragy berip bilmeýär (Sül. tym. 3:5, 6). Şonuň üçin biz Ýehowanyň beren «demir bölekleriniň» ýüregimize pugta berkidilendigini elmydama barlap durmaly.

8. Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermek näme üçin peýdaly?

 8 Siz käte Ýehowanyň dogry kada-kanunlaryny agyr ýük ýa-da erkinligimizi çäklendirýän ýaly duýýarsyňyzmy? 21 ýaşly Daniýel şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandygym üçin, mugallymlarym we klasdaşlarym üstümden gülýärdi. Şonuň üçin birnäçe wagtlap özüme bolan ynamym gaçdy we göwnüçökgünlige düşdüm». Daniýele ruhy taýdan dikelmäge näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowanyň kada-kanunlarynyň durmuşda peýdalydygyny görýärdim. Dostlarymyň käbiri neşe serişdelerini ulanýardy, käbiri bolsa mekdebi taşlady. Elbetde, men olaryň gözgyny ýagdaýdadygyna gynanýardym. Ýehowa, dogrudanam, bizi goraýan eken». 15 ýaşly Medison uýa bolsa şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermek üçin göreşmeli bolýaryn we „keýpden çykdyk ýa-da bet boldy“ diýýän deň-duşlarym bilen ylalaşmaýaryn». Medisona näme kömek edýärkä? Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň adyny göterýändigimi we Şeýtanyň maňa okuny atmak üçin şeýle synaglary ulanýandygyny özüme ýatladyp durýaryn. Her gezek söweşde ýeňiş gazananymda, özümi has-da bagtly duýýaryn».

Dogrulyk sowudy (6—8-nji abzaslara serediň)

«PARAHATLYK HOŞ HABARYNY AÝTMAGA TAÝYN» EDÝÄN AÝAKGAP

9—11. a) Mesihçiler göçme manyda haýsy aýakgaby geýmeli? b) Hoş habary wagyz edenimizde özümizi has-da ynamly duýmaga näme kömek eder?

9 Efesliler 6:15-i okaň. Rim esgeri aýakgabyny geýmese, söweşe taýyn bolup bilmeýärdi. Onuň aýakgaby üç gat deriden edilip, aýak üstünde berk durmaga kömek edýärdi. Ol berk we esgeriň aýagyna rahat bolar ýaly edip tikilýärdi.

10 Rim esgerleriniň geýýän aýakgaby olara söweş meýdanyna çykmaga kömek etse, mesihçileriň göçme manydaky aýakgaby «parahatlyk hoş habaryny aýtmaga» ýardam berýär (Iş. 52:7; Rim. 10:15). Muňa garamazdan, mümkinçilik dörände hoş habary wagyz edip biler ýaly, batyrgaýlyk gerek bolýar. 20 ýaşly Robert * atly dogan şeýle diýýär: «Men klasdaşlaryma wagyz etmäge gorkýardym. Dogrymy aýtsam, utanýardym. Öň näme üçin şeýle edendigime özümem düşünmeýärin. Häzir men deň-duşlaryma wagyz edip bilýändigime örän begenýärin».

11 Ýaşlaryň köpüsi hoş habary wagyz etmäge gowy taýýarlananda, özlerini hasam ynamly duýýandygyna göz ýetirdiler. Siz wagyz etmäge taýýar bolmak üçin näme edip bilersiňiz? 16 ýaşly Juliýa şeýle diýýär: «Men mekdebe gidenimde, sumkamda ýanym bilen edebiýatlarymyzy alýaryn. Şeýle-de klasdaşlarym pikirini aýdanda we ynanýan zatlary hakda gürrüň berende, olary ünsli diňleýärin. Şonda men olara nämäniň kömek etjekdigine göz ýetirýärin. Esasanam, gowy taýýarlyk görenimde, olara peýdaly boljak zatlar hakda gürrüň edip bilýärin». 23 ýaşly Makenziýa bolsa şeýle diýýär: «Eger mähirli bolup, ýürekden diňleseň, deň-duşlaryň nämeleri başdan geçirýändigini bilmäge kömek eder. Men ýaşlar üçin niýetlenen edebiýatlaryň ählisini okamaga çalyşýaryn. Şonda deň-duşlaryma Mukaddes Ýazgylardan ýa-da jw.org saýtymyzdan olara kömek edäýjek zatlary görkezip bilýärin». Bu sözler wagza näçe gowy taýýarlansak, «aýakgabymyzyň» şonça-da berk we ykjam boljakdygyny görkezýär.

Taýyn bolmaga kömek edýän aýakgap (9—11-nji abzaslara serediň)

«ULY IMAN GALKANY»

12, 13. Şeýtanyň käbir «otly oklary» haýsylar?

12 Efesliler 6:16-ny okaň. Rim esgerleriniň dakynýan «uly galkany» dörtburç bolup, olaryň egninden dyzyna çenli ýapýardy. Ol esgeri ýaragyň urgusyndan we oklardan goraýardy.

 13 Şeýtan «Hudaý aladaňy etmeýär we seni söýmeýär» diýip, «otly oklaryny» atyp bilýär, ýagny Ýehowa barada ýalan zatlary ýaýradýar. Ýaramaz duýgulary bilen göreşýän 19 ýaşly Aida atly uýa şeýle diýýär: «Köplenç Ýehowany özüme ýakyn däl we dostlaşmak islemeýän ýaly duýýaryn». Şeýtanyň bu hüjümine garşy durmaga Aida näme kömek edýär? Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýygnak duşuşyklary meniň imanymy hasam berkidýär. Öňler hiç kim meni diňläsi gelýän däldir öýdüp, ýygnakda ýöne oturyp gaýdýardym we asla jogap bermeýärdim. Häzir bolsa ýygnaga gowy taýýarlanyp, azyndan iki ýa-da üç gezek jogap bermäge çalyşýaryn. Elbetde, bu aňsat däl, ýöne her gezek jogap berenimde, özümi has gowy duýýaryn. Dogan-uýalar hem meni ruhlandyrýarlar. Her gezek ýygnakdan soň, Ýehowanyň meni söýýändigini duýýaryn».

14. Aida bilen bolan waka nämäni aýan edýär?

14 Aida bilen bolan waka bir wajyp hakykaty aýan edýär. Esgeriň galkanynyň göwrümi üýtgemeýärdi. Emma biziň göçme manydaky «iman galkanymyz» kiçelip ýa-da ulalyp bilýär. Bu biziň özümize bagly (Mat. 14:31; 2 Sel. 1:3). Görşümiz ýaly, imanymyzy berkitmek örän wajyp!

Uly iman galkany (12—14-nji abzaslara serediň)

«HALAS EDÝÄN TUWALGA»

15, 16. Umydy näme üçin tuwalga bilen deňeşdirse bolýar?

15 Efesliler 6:17-ni okaň. Tuwalga esgeriň kellesini, boýnuny we ýüzüni urgulardan goraýardy. Käbir tuwalgalaryň ýörite tutawajy hem bolýardy. Esger ony elinde göterip bilýärdi.

16 Tuwalganyň esgeriň beýnisini goraýşy ýaly, biziň «gutulyş umydymyz» aňymyzy we pikirlenmek ukybymyzy goraýar (1 Sel. 5:8; Sül. tym. 3:21). Bu umyt ünsümizi  Hudaýyň wadalaryna gönükdirmäge we kynçylyklara dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär (Zeb. 27:1, 14; Res. iş. 24:15). Emma «tuwalgamyzyň» bize kömek etmegini islesek, ony elimizde götermän, kellämize geýmeli.

17, 18. a) Şeýtan nädip tuwalgamyzy çykarmaga iterip biler? b) Biz Şeýtanyň duzagyna düşmändigimizi nädip görkezip bileris?

17 Şeýtan nädip tuwalgamyzy çykarmaga iterip biler? Geliň, onuň Isany nädip synandygyna seredeliň. Şeýtan Isanyň adamzadyň üstünden höküm sürmäge umydynyň bardygyny gowy bilýärdi. Ýöne Isa Ýehowanyň bellän wagtyna garaşmalydy. Şeýle-de ol başda ejir çekip öldürilmelidi. Şol sebäpli Şeýtan oňa umyt edýän zadyny şol wagtyň özünde almagy teklip etdi. Isa bary-ýogy ýekeje gezek sežde etse, Şeýtan oňa ähli zadyň üstünden höküm sürmäge ygtyýar berjekdigini aýtdy (Luka 4:5—7). Şonuň ýaly Şeýtan Ýehowanyň bize-de täze dünýäde köp bereketleri berjekdigini bilýär. Ýöne biz şol wagt gelýänçä garaşmaly, hatda görgi görmegimiz hem mümkin. Şol sebäpli Şeýtan şu dünýäde lezzet alyp ýaşamagy teklip edýär. Ol bizi maddy zatlary birinji orunda goýup, hemme zady häziriň özünde edinmäge höweslendirýär. Şeýtan Hudaýyň Patyşalygyny ikinji orunda goýmagymyzy isleýär (Mat. 6:31—33).

18 Köp mesihçi ýaşlar ýaly, 20 ýaşly Kiana hem Şeýtanyň duzagyna düşmeýär. Ol şeýle diýýär: «Men kynçylyklarymyzyň ählisini diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjekdigini bilýärin». Kiananyň berk umydy onuň pikirine we edýän işlerine nähili täsir etdi? Ol sözüni dowam edip, şeýle diýýär: «Jennetde ýaşamaga bolan umydym dünýewi maksatlara dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Men ukyplaryma buýsanyp, bu dünýäde wezipe edinmäge dyrjaşmaýaryn. Gaýtam, wagtymy we güýjümi ruhy maksatlar üçin sarp edýärin».

Halas edýän tuwalga (15—18-nji abzaslara serediň)

«HUDAÝYŇ SÖZI BOLAN RUHUŇ GYLYJY»

19, 20. Biz Hudaýyň Sözüni ulanmakda nädip ökdeleşip bileris?

19 Pawlus resulyň hatyny ýazan döwri rim esgerleriniň ulanan gylyjynyň uzynlygy takmynan 50 santimetr bolup, ol elde söweşmek üçin niýetlenendi. Rim esgerleriniň ökde urşujy bolmagynyň bir sebäbi, olar her gün ýaraglaryny ökdelik bilen ulanmagy öwrenýärdiler.

20 Pawlus resul Ýehowanyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylary gylyç bilen deňeşdirdi. Biz ynançlarymyzy gorap ýa-da pikirimizi düzedip biler ýaly, ony ökdelik bilen ulanmagy öwrenmeli (2 Kor. 10:4, 5; 2 Tim. 2:15). Siz ukyplaryňyzy nädip ösdürip bilersiňiz? 21 ýaşly Sebastýan şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylardan okan her babymdan bir aýady ýazyp alýaryn. Şeýdip, gowy görýän aýatlarymyň sanawyny düzýärin. Bu maňa Ýehowa ýaly pikirlenmäge kömek edýär». Ýokarda agzalan Daniýel bolsa şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylary okanymda, wagyzda duşýan adamlara kömek etjek aýatlary saýlaýaryn. Adamlar Mukaddes Ýazgylara bolan yhlasyňy we olara ýürekden kömek etmek isleýändigiňi görenlerinde, aýdýan zatlaryňy has-da ünsli diňleýändigine göz ýetirdim».

Ruhuň gylyjy (19, 20-nji abzaslara serediň)

21. Biz Şeýtandan we onuň jynlaryndan näme üçin gorkmaly däl?

21 Şu makalada agzalan ýaşlaryň mysalyndan görnüşi ýaly, biz Şeýtandan we onuň jynlaryndan gorkmaly däl. Elbetde, olar örän güýçli. Ýöne olaryň güýji çäkli we tizden ýok ediler. Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda Şeýtan we onuň jynlary doly hereketsiz ýagdaýda bolar. Soňra bütinleý ýok ediler (Ylh. 20:1—3, 7—10). Biz duşmanymyzyň kimdigini, onuň ulanýan usullaryny we nähili maksadynyň bardygyny bilýäris. Ýehowanyň kömegi bilen, biz oňa garşy durup bileris!

^ abzas 10 Käbir atlar üýtgedildi.