Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýatlama agşamy Hudaýyň halkyny agzybir edýär

Ýatlama agşamy Hudaýyň halkyny agzybir edýär

«Doganlaryň bile ýaşamagy, gör, nähili gowy, nähili ýakymly!» ZEB. 133:1

AÝDYMLAR: 149, 30

1, 2. 2018-nji ýylda millionlarça adamlar näme maksat bilen agzybirlikde ýygnanyşar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

2018-NJI ýylyň mart aýynyň 31-ne Gün ýaşansoň, Hudaýyň gullukçylary we ençeme gyzyklanýan adamlar Halypamyzyň ölen gününi ýatlamak üçin ýygnanyşarlar. Şol gün olar ýer şary öz okunyň daşyndan aýlanýança, bu ähmiýetli wakany bellärler. Olaryň her ýyl agzybirlikde ýygnanyşmagy ýer ýüzünde haýran galdyrýan wakalaryň biridir!

2 Bu wajyp wakany bellemek üçin millionlarça adamlaryň ýygnanyşýandygyny görüp, Ýehowa bilen Isa nähili begenýändir. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige görä, «ähli milletden, taýpadan, halkdan we dilden bolan hiç kimiň sanap bilmedik uly märekesi» batly ses bilen «tagtda oturan Hudaýa we Guza halas bolandygymyz üçin minnetdardyrys» diýer (Ylh. 7:9, 10). Ýatlama agşamyny bellemek bilen, Ýehowanyň hem-de Isanyň şöhratlandyrylmagy diýseň ýakymly!

3. Şu makalada haýsy soraglara serederis?

3 Biz şu makalada birnäçe soraglara serederis. 1. Biz Ýatlama agşamyna nädip taýýarlanmaly we ondan nähili peýda  alyp bileris? 2. Ýatlama agşamy Hudaýyň halkynyň agzybirligine nähili täsir edýär? 3. Agzybirlige her birimiz nädip goşant goşup bileris? 4. Ýatlama agşamy haçana çenli belleniler?

ÝATLAMA AGŞAMYNA TAÝÝARLYK WE PEÝDASY

4. Ýatlama agşamyna barar ýaly näme üçin eliňde baryny etmeli?

4 Ýatlama agşamyna barmagyň wajypdygy barada oýlanyň. Bilşimiz ýaly, ýygnak duşuşyklary Hudaýa edýän seždämiziň bir bölegi hasaplanýar. Onda her ýyl geçirilýän bu wajyp waka barmak üçin edýän tagallamyzy Ýehowa bilen Isa has-da gymmat saýmazmy?! Şol sebäpli ýagdaýymyz ýa-da mümkinçiligimiz nähili bolaýanda-da, biz Ýatlama agşamyna barmak isleýäris. Biz bu duşuşyklaryň wajypdygyny iş ýüzünde görkezsek, «ýatlama kitabyna», ýagny «ýaşaýyş kitabynda» ebedi ýaşaýşa gowuşjak adamlaryň arasynda biziňem adymyzyň ýazylmagyna mümkinçilik berýäris (Mal. 3:16; Ylh. 20:15).

5. Ýatlama agşamy döwri imanymyzy nädip barlap bileris?

5 Ýehowa bilen dostlugymyzy barlamak üçin, Ýatlama agşamy döwri biz doga etmäge we çuňňur şahsy okuwyny geçirmäge wagt sarp edip bileris (2 Korinfliler 13:5-i okaň). Munuň üçin «iman edýän zatlarymyz boýunça ýaşaýandygymyzy elmydama barlap durmaly». Özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Men Ýehowanyň islegini berjaý edýän ýeke-täk guramanyň agzasydygyma ynanýarynmy? Men Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek we öwretmek üçin elimde baryny edýärinmi? Edýän işlerim soňky günlerde ýaşaýandygymy görkezýärmi we Şeýtanyň dünýäsiniň soňunyň golaýlandygyna ýürekden ynanýarynmy? Ýehowa bilen Isa bolan ynamym suwa çümdürilenimdäki ýaly häzirem berkmi?» (Mat. 24:14; 2 Tim. 3:1; Ýew. 3:14). Şeýle soraglaryň üstünde oýlanmaklyk özümizi barlamaga kömek eder.

6. a) Haýsy ýeke-täk ýol ýaşaýşa eltýär? b) Bir ýygnak ýaşulusy her ýyl Ýatlama agşamyna nädip taýýarlyk görýär we biz ondan nädip görelde alyp bileris?

6 Ýatlama agşamynyň wajypdygyny görkezýän aýatlary okap, olaryň üstünde oýlanyň (Ýahýa 3:16; 17:3-nji aýatlary okaň). Ebedi ýaşaýşa gowuşmagyň ýeke-täk ýoly — Ýehowa hakda «bilim almaly» we onuň ýeke-täk Ogly Isa «iman etmeli». Ýatlama agşamyna taýýarlanmak üçin Ýehowa we Isa ýakynlaşmaga kömek etjek käbir maglumatlary öwrensek, peýdaly bolar. Geliň, köpden bäri ýaşuly bolup gulluk edýän doganyň mysalyna seredeliň. Ol birnäçe ýylyň dowamynda «Garawul diňinden» Ýatlama agşamy we Ýehowanyň hem-de Isanyň söýgüsi baradaky makalalary ýygnapdyr. Şol wajyp güne birnäçe hepde galanda, doganymyz olary okap, oýlanýar. Ol täze çykan makalalary alyp, öňküleriň üstüni doldurýar. Makalalary we Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okap, oýlananda, doganymyz her gezek täze zatlary öwrenýär. Iň wajyby bolsa, onuň Ýehowa we Isa Mesihe bolan söýgüsi ýyl saýyn artýar. Eger bizem şeýdip öwrensek, Ýehowa bilen Isa bolan söýgimiziň we minnetdarlygymyzyň artmagyna hem-de Ýatlama agşamyndan doly peýda almaga ýardam eder.

AGZYBIRLIGIMIZE EDÝÄN TÄSIRI

7. a) Isa Ýatlama agşamyny girizen gijesi näme hakda doga etdi? b) Ýehowanyň Oglunyň dogasyna jogap berendigini näme görkezýär?

7 Isa Ýatlama agşamyny girizen gijesi şägirtleriniň agzybir bolmagy we özüniň  Atasy bilen birlikde bolşy ýaly, olaryň hem birlikde bolmaklary üçin doga etdi (Ýahýa 17:20, 21-nji aýatlary okaň). Ýehowa söýgüli Oglunyň dilegine jogap berdi, sebäbi millionlarça adamlar Isany Ýehowanyň iberendigine iman edýär. Ýatlama agşamy Ýehowanyň Şaýatlarynyň agzybirdigini mese-mälim subut edýär. Şol gün ýer ýüzünde ýaşaýan dürli milletden we jynsdan bolan adamlar bile ýygnanyşýar. Käbir ýerlerde sežde etmek üçin ýygnanyşýan bu adamlary diňlemeýärler, hatda olara göwnüýetmezçilik bilen seredýärler. Emma Ýehowa bilen Isanyň nazarynda olaryň agzybirligi örän gymmatly!

8. Ýehowa Ezekiýel pygambere agzybirlik babatda nähili alamat berdi?

8 Ýehowanyň halky hökmünde biz agzybirligimize geň galmaýarys. Sebäbi Ýehowa bu hakda welilik edipdi. Geliň, agzybirlik babatda Ezekiýel pygambere berlen «iki taýak» barada gürrüň edeliň. Olaryň biri «Ýahuda üçin», beýlekisi «Ýusup... üçindi» (Ezekiýel 37:15—17-nji aýatlary okaň) *. 2016-njy ýylyň iýul aýynda çykan «Garawul diňindäki» «Okyjylaryň sowallarynda» şeýle düşündirilýär: «Ýehowa Ezekiýel pygambere ysraýyl halkynyň Wada edilen diýara dolanandan soň, başynyň jem boljakdygy baradaky umyt beriji habary pygamberlik etmegi tabşyrýar. Bu pygamberlik Hudaýyň häzirki gullukçylaryna hem degişli bolup, olaryň agzybir boljakdygyny görkezýär».

9. Her ýyl Ýatlama agşamynda Ezekiýeliň pygamberliginiň ýerine ýetişini nädip görse bolýar?

9 1919-njy ýyldan başlap, Ýehowa ilki «Ýahuda üçin» taýagy aňladýan mesh edilen mesihçileri agzybir etdi. Şeýdip, olar guramaçylykly hereket edip başlady. Soňra «Ýusup... üçin» taýagy aňladýan ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlary agzybir etdi we olar mesh edilen mesihçiler bilen birleşip, «bir sürini» emele getirdi (Ýah. 10:16; Zak. 8:23). Ýehowa iki taýagy birleşdirip: «Meniň elimde olar bir bolar» diýip wada berdi (Ezek. 37:19). Häzir bu iki topar Hudaýyň «guly Dawudyň», ýagny şöhrata beslenen Patyşamyz Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda agzybir gulluk edýär (Ezek. 37:24, 25). Her ýyl Mesihiň ölümini ýatlamak üçin mesh edilenleriň galyndysy bilen «başga goýunlar» ýygnanyşanda, Ezekiýel kitabynda beýan edilýän bu gymmatly agzybirligi aýdyň görse bolýar. Emma biziň her birimiz şu agzybirligi saklamak we berkitmek üçin näme edip bileris?

BIZ NÄDIP GOŞANT GOŞUP BILERIS?

10. Biz Hudaýyň halkynyň agzybirligine nädip goşant goşup bileris?

10 Birinjiden, Hudaýyň halkynyň agzybirligine ýardam etmek üçin kiçigöwünliligi ösdürmeli. Isa ýer ýüzünde ýaşanda, şägirtlerine kiçigöwünli bolmagy ündedi (Mat. 23:12). Eger biz ýürekden kiçigöwünli bolsak, dünýäniň ulumsylyk ruhunyň täsirine düşmeris. Gaýtam, jogapkär doganlara tabyn bolarys. Sebäbi bu ýygnagyň agzybirligine ýardam edýär. Galyberse-de, Hudaý pesgöwünli adamlary halaýar. Injilde: «Hudaý tekepbirlere garşy çykýandyr, pesgöwünlilere bolsa merhemet edýändir» diýilýär (1 Pet. 5:5).

11. Ýatlama agşamyndaky nyşanlaryň manysy hakda oýlanmak agzybirligimizi nädip berkidýär?

 11 Ikinjiden, Ýatlama agşamyndaky nyşanlaryň näme aňladýandygy barada oýlanmaly. Bu ähmiýetli wakadan öň, esasan-da, şol gün hamyrmaýasyz çörek bilen gyrmyzy şerabyň manysy hakda çuňňur oýlanyň (1 Kor. 11:23—25). Çörek Isanyň gurban eden günäsiz bedenini, şerap bolsa döken ganyny aňladýar. Emma olaryň näme aňladýandygyna ýöne bir düşünmek ýeterlikli däl. Mesihiň töleg gurbany iň güýçli iki söýgini, ýagny Ýehowanyň biziň üçin Ogluny berip görkezen söýgüsini we Isanyň janyny meýletin berip, bize bildiren söýgüsini öz içine alýar. Bu hakda oýlansak, olaryň söýgüsine söýgi bilen jogap bermäge höweslendirer. Biziň we imandaşlarymyzyň Ýehowa bolan söýgüsi edil işilen ýüp ýaly agzybirligimizi berkidýär.

Biz başgalary bagyşlasak, agzybirligimize ýardam ederis (12, 13-nji abzaslara serediň)

12. Isanyň mysalyndan Ýehowanyň başgalary bagyşlamagymyzy isleýändigini nädip görse bolýar?

12 Üçünjiden, bir-birimizi ýürekden bagyşlamaly. Biz göwnümize degen imandaşlarymyzy bagyşlasak, Mesihiň töleg gurbany arkaly günälerimiziň bagyşlanmagy üçin dörän mümkinçilige minnetdardygymyzy görkezýäris. Geliň, Isanyň Matta 18:23—34-nji aýatlarda getiren bir mysalyna seredeliň we özümize şeýle soraglary bereliň: «Men Isanyň öwredenlerine eýerýärinmi? Sabyrly bolup, dogan-uýalaryň ýagdaýyna düşünýärinmi? Maňa garşy günä eden imandaşymy bagyşlamaga taýynmy?» Dogry, käbir günäleri bikämil bolandygymyz üçin bize bagyşlamak aňsat däl. Emma mysaldan görnüşi ýaly, Ýehowa göwnümize degen adamy bagyşlamagymyzy isleýär (Matta 18:35-i okaň). Ýürekden ökünýän dogan-uýalary bagyşlamasak, Ýehowanyň hem bizi bagyşlamajakdygyny Isa aýdyň görkezdi. Gör, nähili täsirli sözler! Isanyň aýdyşy ýaly, biz geçirimli bolsak, agzybirligimizi gorap, ony berkideris.

13. Parahatlyk döredýänler bolsak, agzybirligimize nädip ýardam ederis?

13 Biz başgalary bagyşlasak, parahatlyk döredýän adamlar bolarys. Ýadymyzda bolsa, Pawlus resul: «Araňyzda  parahatlygy saklap, mukaddes ruh arkaly alan agzybirligiňizi goramaga jan ediň» diýip maslahat berdi (Efes. 4:3). Ýatlama agşamy döwri, esasan-da, şol gün agşam başgalar bilen özümizi nähili alyp barýandygymyz barada çuňňur oýlanalyň. Özümize bolsa şeýle soraglary bersek, gowy bolar: «Men hakykatdan öýke-kine saklamaýandygymy görkezýärinmi? Men parahatlyk döredýän we agzybirligi saklaýan adam hökmünde tanalýarynmy?» Häzir şu wajyp soraglaryň üstünde oýlanmagyň tüýs wagtydyr.

14. Näme üçin dogan-uýalar bilen «oňşukly ýaşamak» ýeterlikli däl?

14 Dördünjiden, Ýehowanyň söýgüsinden görelde almaly (1 Ýah. 4:8). Biz imandaşlarymyz barada hiç haçan: «Elbetde, men dogan-uýalary söýmeli, ýöne olaryň göwnünden turmaga borçly däl» diýmek islemeýäris. Gaýtam, Pawlus resulyň: «Biri-biriňizi söýüp, oňşukly ýaşaň» diýen maslahatyna eýermeli (Efes. 4:2). Üns beren bolsaňyz, ol ýöne bir «oňşukly ýaşaň» diýmedi-de, «biri-biriňizi söýüň» diýdi. Bularyň arasynda tapawut bar. Ýygnakda Ýehowanyň özüne ýakynlaşdyran dürli milletden bolan adamlary görse bolýar (Ýah. 6:44). Ýehowa şol adamlary özüne çeken bolsa, diýmek, olary söýýär. Onda söýgimize mynasyp däl diýip, dogan-uýalara höküm çykarmaga biziň hakymyz barmy? Hawa, biz «doganyňy söýmeli» diýen Ýehowanyň tabşyrygyndan ýüz öwürmeli däl (1 Ýah. 4:20, 21).

ÝATLAMA AGŞAMY HAÇANA ÇENLI BELLENILER?

15. Biz Ýatlama agşamyny bellemegi bes etjekdigimizi nireden bilýäris?

15 Biz Haçanam bolsa bir gün Ýatlama agşamyny bellemegimizi bes ederis. Muny nireden bilýäris? Pawlus resul Korinfdäki mesh edilen mesihçilere ýazan birinji hatynda: «Halypamyz gelýänçä, onuň ölümini yglan edýäris» diýdi (1 Kor. 11:26). «Gelýänçä» diýen söz Isanyň soňky günler barada aýdan pygamberliginde «gelýär» diýip ulanylýar. Öňümizde boljak uly muşakgat barada Isa şeýle diýdi: «Soňra gökde Ynsan oglunyň alamaty görner we ýer ýüzündäki ähli halklar hasrat çekip, gursagyna urarlar. Olar Ynsan oglunyň gökdäki bulutlarda gudrat we uly şöhrat bilen gelýänini görerler. Ol (Isa) perişdelerini güýçli surnaý sesi bilen iberer. Olar ýeriň dört tarapyndan, asmanyň bir ujundan beýleki ujuna çenli saýlananlary ýygnarlar» (Mat. 24:29—31). «Saýlananlary ýygnarlar» diýen jümle ýer ýüzünde galan mesh edilen mesihçileriň ählisiniň gökdäki sylagyny aljak wagtyny aňladýar. Bu agyr muşakgat başlap, Armageddon söweşiniň öňüsyrasynda bolar. Soňra 144 müňler Isa bilen bilelikde ýer ýüzüniň patyşalarynyň üstünden ýeňiş gazanarlar (Ylh. 17:12—14). Isa gelip, mesh edilen mesihçileriň iň soňkusyny göge alyp gidende, Ýatlama agşamy soňky gezek belleniler.

16. Siz şu ýyl geçiriljek Ýatlama agşamyna barmagy näme üçin ýüregiňize düwdüňiz?

16 Geliň, 2018-nji ýylyň 31-nji martynda geçiriljek Ýatlama agşamyndan doly peýda almak üçin oňa barmagy ýüregimize düweliň. Ýehowadan agzybirligimize goşant goşmaga kömek etmegini diläliň (Zebur 133:1-i okaň). Ýatlama agşamynyň haçanam bolsa soňky gezek belleniljekdigini ýatdan çykarmalyň. Şoňa çenli bolsa, geliň, oňa barmak üçin elimizde baryny edeliň we agzybirligimizi gymmat saýalyň!

^ abzas 8 Ezekiýel 37:15 Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 16 «Eý, ynsan ogly, özüňe bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýahuda üçin we onuň bilen birleşen ysraýyllar üçin“ diýip ýaz. Ýene bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýusup we onuň bilen jebisleşen tutuş ysraýyl halky üçin Efraýymyň taýagy“ diýip ýaz. 17 Bir taýak bolar ýaly, olary biri-birine sepleşdir, olar seniň eliňde bir bolar».