Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 ÖWRENILÝÄN MAKALA 37

«Men ähli milletleri sarsdyraryn»

«Men ähli milletleri sarsdyraryn»

«Men ähli milletleri sarsdyraryn, ähli halklaryň dürdänelerini jemlärin» (Hag. 2:7).

24-NJI AÝDYM Ýehowanyň dagyna çykyň

MAZMUNY *

1, 2. Şu günler göçme manyda nähili ýertitreme bolýar?

2015-NJI ÝYLDA Nepalda güýçli ýertitreme bolýar. Şol ýertitremede halas bolan adamlaryň biri şeýle diýýär: «Bary-ýogy birnäçe minudyň içinde dükanlar, köne jaýlar ýer bilen ýegsan boldy». Diri galanlardan ýene biri: «Ähli adamlar howsala düşdi. Ýertitreme iki minut dowam eden hem bolsa, meniň üçin iki ýyla döndi» diýýär. Eger siz hem şeýle pajygaly ýagdaýy başdan geçiren bolsaňyz, ony hiç haçan ýatdan çykarmasaňyz gerek.

2 Şu günler hem göçme manyda ýer titreýär, ýöne ol diňe bir şäheri ýa-da ýurdy däl, bütin ýer ýüzüniň «milletlerini sarsdyrýar». Şol ýertitreme onlarça ýyl bäri dowam edip gelýär. Bu barada Hagaý pygamber şeýle ýazdy: «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men az salymdan gögi we ýeri, deňzi hem gury ýeri ýene bir gezek sarsdyraryn“» (Hag. 2:6).

3. Hagaýyň aýdan «sarsgynyna» näme üçin üýtgeşik diýse bolar?

3 Hagaý pygamber ähli zady ýykan-ýumran edýän ýertitreme barada aýtmady. Gaýtam onuň aýdan «sarsgyny» adamlara peýda getirýär. Ýehowa şeýle diýýär: «Men ähli milletleri sarsdyraryn, ähli halklaryň dürdänelerini jemlärin. Men öýümi şan-şöhratdan dolduraryn» (Hag. 2:7). Şu pygamberlik Hagaýyň döwründe nädip ýerine ýetdi? Şu günler nädip ýerine ýetýär? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris. Şeýle-de «milletleri sarsdyrýan» wajyp işe nädip gatnaşyp biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

 ÝEHUDYLARY RUHLANDYRAN HABAR

4. Ýehowa Hagaý pygambere nähili ýumuş tabşyrdy?

4 Ýehowa Hagaý pygambere wajyp ýumuş tabşyrýar. Geliň, ilki ondan öň nähili wakalaryň bolandygyny bileliň. B. e. öň 537-nji ýylda Hagaý pygamber ildeşleri bilen Wawilon ýesirliginden azat bolup, watanyna dolanýar. Olar bilini berk guşap, Ýehowanyň öýüniň, ýagny ybadathananyň gurluşygyna başlaýarlar (Hyd. 3:8, 10). Emma köp wagt geçmänkä, gynançly waka bolýar. Duşmanlaryň garşylyklary sebäpli halkyň eli işden sowaýar (Hyd. 4:4; Hag. 1:1, 2). Ine şol sebäpli b. e. öň 520-nji ýylda Ýehowa Hagaý pygambere halky ruhlandyrmagy tabşyrýar. Olar ybadathananyň gurluşygyny doly tamamlamalydylar * (Hyd. 6:14, 15).

5. Hagaý pygamberiň sözleri ýehudylara nähili täsir etdi?

5 Hagaý pygamber halkyň Ýehowa bolan imanyny berkitmelidi. Şonuň üçin ol ruhdan düşen halka batyrgaýlyk bilen: «Ýehowa şeýle diýýär: „Aman galan halk, mert boluň, işe başlaň!“ Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men siziň bilendirin!“» diýdi (Hag. 2:4). «Serkerdebaşy Ýehowa» diýen jümle halky ruhlandyran bolsa gerek! Olar Ýehowanyň perişdelerden ybarat ägirt uly goşunynyň bardygyna düşünmelidi we gurluşygy doly tamamlamak üçin Ýehowa bil baglamalydy.

6. Hagaýyň pygamberligine görä näme bolmalydy?

6 Hagaý Ýehowanyň «ähli milletleri sarsdyrjakdygy» barada pygamberlik edýär. Hagaýyň pygamberligi eli işden sowaşan halky ruhlandyrýar. Pygamberlige görä, Ýehowa köp milletleri golastynda saklaýan Pars patyşalygyny «sarsdyrmalydy». Şonda Hudaýyň halky ybadathananyň gurluşygyny tamamlap bilerdi. Şeýle-de ýat halklar hem ýehudylar bilen bile Ýehowa sežde ederdiler. Dogrudan-da, Hagaýyň pygamberligi Hudaýyň halkynyň güýjüne güýç goşandyr! (Zek. 8:9).

MILLETLERI SARSDYRÝAN IŞ

Siz bütin ýer ýüzüni sarsdyrýan işe yhlasly gatnaşýarsyňyzmy? (7, 8-nji abzaslara serediň). *

7. Biz bütin ýer ýüzüni sarsdyrýan nähili işe gatnaşýarys? Düşündiriň.

7 Hagaýyň pygamberligi şu günler nädip ýerine ýetýär? Ýehowa Hudaý ýene-de bir gezek «milletleri sarsdyrar». Emma bu işe biz hem gatnaşyp bileris. Oýlanyp görüň, ençeme asyrlap Ýehowa Dawut patyşanyň neslinden hiç kimi patyşa edip bellemändi. Ýöne 1914-nji ýylda Ýehowa Isa Mesihi gökde Patyşa edip belledi (Zeb. 2:6). Hudaýyň Patyşalygynyň dikeldilmegine ýolbaşçylaryň gahary geldi, sebäbi şonda «milletlere berlen wagt tamamlanypdy» (Luka 21:24). Esasan-da, 1919-njy ýyldan bäri, Ýehowanyň halky adamlaryň kynçylygyny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň aýryp biljekdigi hakda wagyz edýär. Hudaýyň «Patyşalygy baradaky hoş habar bütin ýer ýüzüni» sarsdyrýar (Mat. 24:14).

8. Zebur 2:1—3-nji aýatlara görä, adamlaryň köpüsi hoş habara nähili seslenýär?

8 Şu günler adamlar hoş habara nähili seslenýärler? Olaryň köpüsi hoş habary diňlemek islemeýär (Zebur 2:1—3-nji aýatlary okaň). Köp adamlaryň bolsa gahary gelýär. Olar Ýehowanyň bellän  Patyşasyna tabyn bolmaýarlar. Patyşalyk baradaky habary «hoş habar» hasaplamaýarlar. Hatda käbir ýurtlarda wagyz işi gadagan edilýär. Patyşalar we ýolbaşçylar Allatagala iman edýäris diýseler-de, öz häkimiýetini elden gidermejek bolup jan edýärler. I asyrdaky ýaly şu günler hem ýolbaşçylar Hudaýyň halkyny yzarlap, Ýehowanyň bellän Patyşasyna garşy çykýarlar (Res. 4:25—28).

9. Ýehowa Hudaý garşy çykýan milletlere we patyşalara nähili garaýar?

9 Ýehowa garşy çykýan patyşalara we milletlere nähili garaýar? Zebur 2:10—12-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Indi bolsa, eý patyşalar, akylyňyza aýlanyň! Eý ýer ýüzüniň kazylary, terbiýäni kabul ediň! Ýehowadan gorkuň, oňa gulluk ediň, çuňňur hormat goýuň, şatlanyň. Ogluny hormatlaň, ýogsam Alla gazaplanar, ýoluňyzda heläk bolarsyňyz. Sebäbi Allanyň gahary tiz tutaşýandyr. Hudaýy pena edinen bagtlydyr!» Söýgüden doly Ýehowa Hudaý milletlere we patyşalara halas bolmaga mümkinçilik berýär. Entek wagt barka, olar garaýşyny üýtgedip, Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolsalar gowy bolar. Emma wagt uçup barýar. Biz «soňky günlerde» ýaşaýarys (2 Tim. 3:1; Işa. 61:2). Şu günler dogry karara gelmegiň we aýgytly ädim ätmegiň tüýs wagty.

«SARSGYNYŇ» PEÝDASY

10. Hagaý 2:7—9-njy aýatlara görä, «milletleriň sarsmagy» käbir adamlara nähili täsir eder?

10 Hagaýyň pygamberligine görä, Hudaý «milletleri sarsdyranda» hemme adamlar gaharlanmaz, muňa begenjekler hem bolar. Pygamber «sarsgynyň» netijesinde «ähli halklaryň dürdäneleriniň», ýagny akýürekli adamlaryň Ýehowa sežde etjekdigini aýtdy * (Hagaý 2:7—9-njy aýatlary okaň). Işaýa bilen Mikaý pygamberler hem «soňky günlerde» şeýle  wakalaryň boljakdygyny öňünden aýdypdy (Işa. 2:2—4; Mik. 4:1, 2).

11. Ken dogan Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habara nähili seslendi?

11 Geliň, baş edarada gulluk edýän Ken dogan hakda gürrüň edeliň. Ol «milletleri sarsdyrýan» habary eşidende ýürekden begenýär. Ken şeýle gürrüň berýär: «40 ýyl mundan öň bolan waka, edil şu günki ýaly ýadymda. Maňa Hudaýyň Sözünden wagyz etdiler. Şonda men soňky günlerde ýaşaýandygyma düşündim. Hudaýy razy edip, ebedi ýaşamak üçin düýbi çüýrük dünýäden çykyp, Ýehowanyň halkyna goşulmalydygymy bildim. Men Hudaýa doga edip, aýgytly ädim ätdim. Men şu dünýäniň işlerine goşulman, hiç haçan sarsmajak Hudaýyň Patyşalygyna doly tabyn boldum».

12. Soňky günlerde Ýehowanyň ruhy ybadathanasy nädip şöhratlanýar?

12 Ýehowa halkyna ak pata berýär. Soňky günlerde Ýehowa Hudaýa sežde edýän adamlaryň sany gün-günden artýar. Meselem, 1914-nji ýylda bary-ýogy bäş müňden gowrak adam Ýehowa sežde edýärdi. Şu günler bolsa sekiz milliondan gowrak Ýehowanyň Şaýady bar we her ýyl millionlarça adamlar Ýatlama agşamyna gatnaşýar. Şeýlelikde, Ýehowanyň ruhy ybadathanasynyň ýer ýüzündäki howlusyna «ähli halklaryň dürdäneleri jemlenýär», ýagny akýürekli adamlar Ýehowa arassa sežde edýärler. Şeýle-de olar ýagşy häsiýetleri ösdürende, Ýehowa Hudaýyň ady şöhratlanýar (Efes. 4:22—24).

Hudaýyň halky bütin ýer ýüzünde Patyşalyk barada hoş habary yhlasly wagyz edýär (13-nji abzasa serediň).

13. «Milletleriň sarsmagy» netijesinde başga haýsy pygamberlik ýerine ýetýär? (Daşky sahypadaky surata serediň).

13 «Milletleriň sarsmagy» netijesinde, Işaýa 60-njy bapdaky pygamberlik hem ýerine ýetýär. Işaýa 60:22-de şeýle diýilýär: «Az adamdan müň adam, ejizden güýçli halk dörär. Men, Ýehowa muny öz wagtynda tizleşdirerin». Şu günler Hudaýyň halkyna «halklaryň dürdäneleri», ýagny akýürekli adamlar goşulýar. Olaryň hersiniň öz ukyp-başarnygy bar we olar hoş habary yhlasly wagyz edýärler. Şeýle akýürekli adamlaryň kömegi bilen  hoş habar 240 ýurtda wagyz edilýär. Edebiýatlarymyz 1 000-den gowrak dilde terjime edilýär. Elbetde, muňa gudrat diýse bolar! Netijede, Işaýanyň pygamberlik edişi ýaly, Ýehowanyň halky «milletleriň süýdüni içýär» (Işa. 60:5, 16, çykgyt).

AÝGYTLY ÄDIM

14. Adamlar nähili karara gelmeli bolarlar?

14 Ýehowa dünýäniň soňunda «milletleri sarsdyranda» adamlar ýa ynsan hökümetlerini, ýa-da Hudaýyň Patyşalygyny saýlamaly bolar. Şonda her bir adam ömrüniň dowamynda iň wajyp karara gelmeli bolar. Ýehowanyň halky döwletiň kanunlaryna gulak assa-da, bitaraplygyny saklaýarlar we syýasata goşulmaýarlar (Rim. 13:1—7). Olar adamzadyň kynçylyklaryny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözüp biljekdigine ynanýarlar. Hudaýyň Patyşalygy bolsa şu dünýäden däl (Ýah. 18:36, 37).

15. Ylham kitabyna görä, Hudaýyň halky nähili agyr synaglary başdan geçirer?

15 Ylham kitabynda Hudaýa wepaly adamlaryň soňky günlerde agyr synaglary başdan geçirjekdigi aýdylýar. Hudaýyň halkyny yzarlarlar. Syýasy guramalar adamlary Allatagala däl-de, özlerine tabyn etdirmek islärler. Tabyn bolmadyk adamlary bolsa, zalymlyk bilen yzarlarlar (Ylh. 13:12, 15). Olar «uludan-kiçä ähli adamlary, baýlary we garyplary, azatlary hem gullary sag eline ýa-da maňlaýyna bellik goýdurmaga mejbur ederler» (Ylh. 13:16). Gadymy döwürde gullara bellik goýupdyrlar. Olaryň belligine seredip, hojaýynynyň kimdigini bilipdirler. Şonuň ýaly syýasy guramalar göçme manyda adamlaryň maňlaýyna we eline bellik goýmak islärler. Şonda adamlar edýän işleri we oý-pikiri bilen syýasy guramalara degişlidigini hem-de olary goldaýandygyny görkezerler.

16. Biz näme üçin Ýehowa wepaly bolmagy ýüregimize düwmeli?

16 Biz göçme manydaky belligi maňlaýymyza ýa-da elimize basdyryp, syýasy guramalary goldarysmy? Belligi basdyrmadyk adamlar köp kynçylyga döz gelmeli bolarlar. Ylham kitabynda: «Belligi... alanlardan başga hiç kim ne satyn alyp, ne-de satyp biler» diýilýär (Ylh. 13:17). Emma Hudaýyň wepaly halky şol belligi basdyran adamlara Allatagalanyň nähili jeza berjekdigini gowy bilýär (Ylh. 14:9, 10). Olar özüne şol belligi basdyrman, gaýtam eline «men Ýehowanyňky» diýip ýazarlar (Işa. 44:5). Häzir Ýehowa wepaly bolmagy ýüregiňe düwmegiň tüýs wagty! Şonda Ýehowa begenip, bizi öz ogly we gyzy hasaplar.

SOŇKY SARSGYN

17. Biz nämäni unutmaly däl?

17 Ýehowa soňky günlerde ähli adamlara sabyrly garaşýar. Sebäbi ol hiç kimiň heläk bolmagyny islemeýär (2 Pet. 3:9). Ol adamlaryň toba edip, özüne sežde etmekleri üçin mümkinçilik berýär. Emma bir gün Ýehowanyň sabyr käsesiniň doljakdygyny unutmaly däl. Toba etmedik adamlar faraonyň gününe düşer. Ýehowa faraona şeýle diýipdi: «Seni we halkyňy elhenç kesele uçradyp, bireýýäm ýok edibem bilerdim. Ýöne saňa güýjümi görkezmek we adymy bütin dünýä tanatmak üçin, seni diri galdyrdym» (2 Mus. 9:15, 16). Hawa, ähli milletler iru-giç Ýehowanyň ýeke-täk hak Hudaýdygyny boýun almaly bolarlar! (Hyz. 38:23). Nädip?

18. a) Hagaý 2:6, 20—22-nji aýatlarda nähili sarsgyn barada aýdylýar? b) Hagaýyň pygamberliginiň gelejekde ýerine ýetjekdigini nireden bilýäris?

 18 Pawlus resul Hagaý pygamberden birnäçe asyr soň ýaşapdy. Ol Hudaýyň ylhamy bilen Hagaý 2:6, 20—22-nji aýatlardaky (okaň) pygamberligiň gelejekde ýerine ýetjekdigini düşündirip, şeýle diýdi: «Häzir ol (Hudaý): „Men ýene bir gezek diňe ýeri däl, gögi hem sarsdyraryn“ diýip wada berdi. „Ýene bir gezek“ diýen jümle sarsan zatlaryň ýok ediljekdigini görkezýär, sebäbi Hudaý olary ýaratmandy. Emma sarsmadyk zatlar ýok edilmez» (Ýew. 12:26, 27). Bu sarsgyn Hagaý 2:7-däkiden tapawutlanar, şonda faraon ýaly Ýehowanyň hak Hudaýdygyny boýun almadyk adamlar ebedilik ýok ediler.

19. Soňky sarsgynda nämeler ýok edilmez we biz muny nireden bilýäris?

19 Soňky sarsgynda nämeler ýok edilmez? Pawlus resul şeýle diýdi: «Biz sarsmajak Patyşalyga eýe bolarys, şonuň üçin mundan beýläk hem Hudaýyň ýagşylygyny datjak bolalyň. Biz onuň ýagşylygy arkaly gorky we titreme bilen Hudaýa ýaraýan mukaddes gullugy berjaý ederis» (Ýew. 12:28). Soňky sarsgyndan soň diňe Hudaýyň Patyşalygy durar. Ol asla sarsmaz! (Zeb. 110:5, 6; Dan. 2:44).

20. Adamlara nähili saýlaw garaşýar we biz olara nädip kömek edip bileris?

20 Wagt garaşmaz! Saýlaw döwri geldi! Adamlar şu dünýäni saýlarmy ýa-da Hudaýyň Patyşalygyny? Şu dünýäni saýlan adamlar ýok ediler; Hudaýyň Patyşalygyny saýlanlar bolsa ebedi ýaşar (Ýew. 12:25). Biz adamlara wagyz edip, olara iň wajyp karara gelmäge kömek edýäris. Geliň, elimizde baryny edip «dürdäne» ýaly akýürekli adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolmaga kömek edeliň! Şeýle-de Halypamyz Isanyň şu sözlerini hiç haçan ýatdan çykarmalyň: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler» (Mat. 24:14).

40-NJY AÝDYM Sen kime gulluk edýärsiň?

^ par. 5 Şu makalada Hagaý 2:7-däki sözleriň täze düşündirilişine serederis. Şeýle-de «milletleri sarsdyrýan» wajyp işe nädip gatnaşyp biljekdigimiz hakda gürrüň ederis we şol işe adamlaryň nähili garaýandygyny bileris.

^ par. 4 Hagaý pygamber Ýehowanyň tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirdi, sebäbi b. e. öň 515-nji ýylda ybadathana dikeldildi.

^ par. 10 Öň edebiýatlarymyzda akýürekli adamlaryň «sarsgynyň» netijesinde Ýehowanyň halkynyň arasyna goşulmaýandygy aýdylýardy. Indi muňa başgaça düşünýäris. «Okyjylaryň sowallaryna» serediň (w06-U 15/5).

^ par. 63 SURAT: Hagaý pygamber eli işden sowaşan halky ruhlandyrdy we gurluşyga başlamaga höweslendirdi. Şu günlerem Hudaýyň halky yhlasly wagyz edýär. Är-aýal tizden boljak soňky sarsgyn barada wagyz edýär.