Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 TERJIMEHAL

Her kes üçin her zat boldum

Her kes üçin her zat boldum

1941-nji ýylda kakam ejeme: «Eger sen suwa çümdürilseň, aýrylyşarys!» diýip haýbat atdy. Emma ejem şonda-da Ýehowa özüni bagyş edip, suwa çümdürildi. Kakam aýdyşy ýaly-da bizi taşlady. Şonda men bary-ýogy sekiz ýaşymdadym.

MEN eýýäm birnäçe wagt bäri Mukaddes Ýazgylardaky hakykat bilen gyzyklanýardym. Ejemde Ýazgylara esaslanan edebiýatlar bardy. Men olary ünsli okaýardym, esasan-da, içindäki suratlaryny gowy görýärdim. Kakam ejeme okaýan zatlaryny maňa öwretmegi gadagan edipdi. Emma men bilesigelijidim, hemişe sorag berýärdim. Şonuň üçin ejem meniň bilen kakam öýde ýok wagty sapak geçýärdi. Netijede, menem özümi Ýehowa bagyş etmegi ýüregime düwdüm. 1943-nji ýylda 10 ýaşymda men Angliýanyň Blekpul şäherinde suwa çümdürildim.

ÝEHOWA GULLUK EDIP BAŞLAÝARYN

Şol günden bäri ejem ikimiz yzygiderli wagyz edip başladyk. Biz patefon arkaly wagyz edýärdik. Patefonlar uludy, agramy-da 4,5 kg golaýdy. Men entek kiçi bolamsoň, ony zordan göterýärdim.

On dört ýaşymda meniň pioner bolasym gelýärdi. Bu hakda ejeme aýdanymda, ol maňa ilki doganlaryň hyzmatçysy (häzir etrap gözegçisi diýilýär) bilen gepleşmelidigimi aýtdy. Ol dogan maňa pioner gullugy üçin biraz tejribe toplamagy maslahat berdi. Men onuň aýdyşy ýaly-da etdim. Iki ýyldan soň başga etrap gözegçisi  bilen maslahatlaşanymda, ol maňa: «Başlaber» diýdi.

1949-njy ýylyň aprel aýynda ejem ikimiz kireýne ýaşaýan jaýymyzdaky goşlarymyzdan dynyp, Mançestere golaý ýerleşýän Midltona göçdük we pioner gullugyna başladyk. Dört aýdan soň özüm ýaly pioner bolup gulluk edýän dogan bilen tanyşdym. Biz filialyň beren görkezmesine eýerip, Irlamda ýaňy açylan ýygnakda gulluk edip başladyk. Ejem bolsa pioner gullugyny başga ýygnakda bir uýa bilen dowam etdi.

Men 17 ýaşymda bolsam-da, bize ýygnak duşuşyklaryny alyp barmagy tabşyrdylar, sebäbi täze ýygnakda tejribeli doganlar azdy. Birnäçe wagtdan soň menden Bakston şäherindäki ýygnaga geçmegi haýyş etdiler. Ol ýerde wagyzçylar azdy we olara kömek gerekdi. Men ýaşlykda öwrenen zatlarymyň gelejekde — nirede we kim bolup gulluk etsem-de — kömek etjekdigine ynanýardym.

Roçester şäherinde adamlary jemagat nutugyna çagyrýarys (Nýu-Ýork, 1953-nji ýyl)

1951-nji ýylda men Gilead mekdebinde okamak üçin arza ýazdym. 1952-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa harby gullugyna çagyryldym. Men Hudaýyň gullukçysy bolandygym üçin, harby gullugyna gidip bilmejekdigimi düşündirjek boldum. Ýöne kazyýet muny göz öňünde tutmady we «alty aý türmede oturmaly» diýen karar çykardy. Soňra meni Gilead mekdebiniň 22-nji klasynda  okamaga çagyrdylar. Şeýdip, men 1953-nji ýylyň iýul aýynda Nýu-Ýorka ugraýan «Jorjik» atly gämä mündüm.

Nýu-Ýorka baranymda, «Täze dünýä jemgyýeti» atly kongrese gatnaşdym. Soňra Nýu-Ýorkdan mekdebiň geçirilýän şäherine, ýagny Saut-Lansinge gitmek üçin otla mündüm. Türmeden ýaňy boşandygym üçin, pulum gaty azdy. Men otludan düşüp, Saut-Lansinge ugraýan awtobusa münmelidim. Şonda bir ýolagçydan 25 sent pul karz almaly boldum.

DAŞARY ÝURTDA GULLUK ETMÄGE BELLENÝÄRIN

Gilead mekdebinde berilýän ajaýyp bilim bize missioner gullugynda «her kes üçin her zat bolmaga» kömek etdi (1 Kor. 9:22). Üç dogany, ýagny Paul Bruny, Reýmond Liçi we meni Filippinde gulluk etmäge bellediler. Biz wiza almak üçin birnäçe aý garaşmaly bolduk; soňra gämä münüp Roterdamyň, Orta ýer deňziniň, Sues kanalynyň, Hindi okeanynyň we Malaýziýanyň üsti bilen Gonkonga geldik. Biz 47 gün deňizde bolduk! Ahyry 1954-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Manila geldik.

Filippine barmak üçin Reýmond Liç missioner bilen 47 gün gämide syýahat etdik

Indi biz täze ýurda we halka öwrenişip, olaryň dilini öwrenmelidik. Üçümizem Keson şäherindäki ýygnaga bellediler, ol ýeriň ýaşaýjylarynyň köpüsi bolsa iňlisçe gepleýärdi. Şol sebäpli alty aý geçensoň hem, biz tagalog dilinde bary-ýogy birnäçe söz bilýärdik. Biziň indiki bellenen ýerimiz bu kynçylygy çözmäge kömek etmelidi.

1955-nji ýylyň maý aýydy. Bir gün Liç dogan bilen gullukdan gelenimizde, öýe hat getiripdirler. Şol hatda bizi etrap gözegçisi edip belländikleri barada habar berilýärdi. Bary-ýogy 22 ýaşymda bolsam-da, bu gulluk maňa «her kes üçin her zat bolmagyň» başga ýollaryny öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Bikol dilinde geçirilen etrap kongresinde jemagat nutugy bilen çykyş edýärin

Meselem, etrap gözegçisi edip bellenenimde, ilkinji gezek obadaky dükanyň öňünde jemagat nutugy bilen çykyş etdim. Şol döwürde filippinlilerde uly meýdançada çykyş etmek däbi bardy. Meniň nutuklarym hakyky jemagat nutuklary boldy! Etrap gözegçisi bolup ýygnaklary idänimde, açyk meýdanda, bazarlarda, medeniýet öýlerinde, basketbol meýdançalarynda, seýilgählerde we köplenç köçelerde çykyş etdim. Bir gezek San Pablo şäherinde bazarda jemagat nutugy bilen çykyş etmeli bolanymda, güýçli ýagyş ýagdy. Şonda men jogapkär doganlara duşuşygy Ýygnak jaýynda geçirmegi teklip etdim. Olar maňa: «Jemagat nutugy däl-de, jemagat duşuşygy diýäýmeli ekeniň» diýdiler. Şondan soň şeýle nutuklar köpçülik ýerlerinde geçirilmedi.

Biz hemişe doganlaryň öýünde bolýardyk. Olar sada, ýöne arassa ýaşaýardylar. Men köplenç agaç pola ýazylan düşekçede ýatýardym. Suwa düşünilýän otag bolmansoň, men daşarda ýuwunmagy öwrendim. Başga adalardaky dogan-uýalary idemeli bolanymda, uly ýa-da kiçi awtobusda, käte gaýykda giderdim. Meniň hiç haçan öz ulagym bolmandy.

Wagyz gullugy we ýygnak duşuşyklary maňa tagalog dilini öwrenmäge kömek etdi. Men muny ýörite kurslara gatnap däl-de, wagyzda we ýygnak duşuşyklarynda dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolup öwrendim. Bu babatda doganlaryň ýalňyşymy çekinmän aýdyp, sabyrlylyk bilen öwredendigine men örän minnetdar.

Şondan soňky tabşyrylan işler meni has köp özgerişik etmäge höweslendirdi. 1956-njy ýylda Neýtan Norr dogan gelende, men kongresde jemagat bilen hyzmatdaşlyk  edýän bölüme bellendim. Bu ugurda meniň hiç hili tejribäm ýokdy, şonuň üçin başgalar maňa höwes bilen kömek etdiler. Bir ýyl geçip-geçmän, indiki kongrese baş edaradan Fredrik Frens doganymyz geldi. Kongrese gözegçilik eden wagtym, Frens doganymyzyň «her kes üçin her zat bolmaga» taýyndygyny görüp haýran galdym. Ol Filippindäki tagalog halkynyň milli eşigini geýip, jemagat nutugy bilen çykyş etdi. Ýerli dogan-uýalar muny görüp örän begendiler.

Welaýat gözegçisi edip belenenimde, has-da köp özgerişik etmelidigime düşündim. Şol döwürde biz köpçülik ýerlerinde «Täze dünýä jemgyýetiniň berjek şatlygy» atly filmi görkezýärdik. Käte bizi mör-möjekler bizar edýärdi. Olar prožektoryň ýagtysyna gelip, oňa urulýardylar. Soňra prožektory arassalamak bize iş bolýardy. Filmi görkezmek aňsat iş bolmasa-da, adamlary Ýehowanyň halkara guramasy bilen tanyşdyrmak diýseň ýakymlydy!

Katolik buthanalary ýerli hökümete täsir edip, bize kongresleri geçirmäge päsgel berýärdiler ýa-da çykyş edýän doganlaryň sesini eşitdirmejek bolup, golaýda ýerleşýän buthanalardaky jaňlary yzyny üzmän kakyp durýardylar. Her näme-de bolsa, wagyz işi  togtamady we ol ýerde köp adamlar Ýehowanyň gullukçylary boldular.

DÜRLI GULLUGY ÝERINE ÝETIRIP, KÖP ZATLARY ÖWRENDIM

1959-njy ýylda Beýtelde gulluk etmäge bellenendigim barada hat aldym. Men ol ýerde has köp zatlary öwrenip, tejribe topladym. Biraz wagtdan soň menden sebit gözegçisi hökmünde başga ýurtlardaky ýygnaklary idemegi haýyş etdiler. Şeýle syýahatlaryň birinde, ýagny Tailandda missioner bolup gulluk edýän Janet Dýumend atly uýa bilen tanyşdym. Biz birnäçe wagtlap hat alyşdyk, soňra durmuş gurduk. Biz 51 yyldan bäri bile gulluk etmekden şatlyk tapýarys.

Janet ikimiz Filippindäki adalaryň birinde

Umuman alanyňda, men Ýehowanyň 33 ýurtda ýaşaýan gullukçylaryny ideg etdim. Ýehowa gulluk edip başlan döwrümden bäri öwrenen zatlarymyň dürli halkdan bolan adamlar bilen işleşmäge kömek edendigine begenýärin. Bu maňa adamlaryň ýagdaýyna has gowy düşünmäge we Ýehowanyň olary güýçli söýýändigini görmäge ýardam etdi (Res. iş. 10:34, 35).

Janet ikimiz hemişe wagyz etmäge çalyşýarys

HÄZIREM ÖWRENÝÄRIN

Filippinde ýaşaýan doganlar bilen gulluk etmek nähili gowy! Bu ýerde gulluga başlanymdan bäri wagyzçylaryň sany on esse köpeldi. Janet ikimiz Filippiniň Keson şäherindäki Beýtelde gulluk edýäris. Daşary ýurtda gulluk edýändigime 60 ýyldan gowrak wagt geçse-de, men Ýehowanyň tabşyrygyny berjaý etmek üçin özümi özgertmäge hemişe taýyn bolmaly. Ýaňy ýakynda guramamyzda bolan özgerişikler bize Ýehowanyň we dogan-uýalaryň öňündäki borjumyzy ýerine ýetirmäge päsgel bermedi.

Wagyzçylaryň köpelýändigi bizi begendirýär

Biz Ýehowanyň islegine tabyn bolmak üçin elimizde baryny edýäris, sebäbi durmuşda mundan başga bagt getirýän zat bolmasa gerek! Şeýle-de biz gerekli özgerişikleri edip, imandaşlarymyza has gowy gulluk etmäge jan edýäris. Hawa, biz mundan beýlägem Ýehowanyň isleýşi ýaly «her kes üçin her zat bolmaga» taýyn.

Biz henizem Keson şäherindäki Beýtelde gulluk edýäris