Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 ÖWRENILÝÄN MAKALA 22

Göze görünmeýän sowgatlar üçin Hudaýa minnetdar boluň

Göze görünmeýän sowgatlar üçin Hudaýa minnetdar boluň

«Biz... görünmeýän zatlara seredýäris, sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr» (2 Kor. 4:18).

45-NJI AÝDYM Ýüregimiň oý-pikirleri

MAZMUNY *

1. Isa gökdäki baýlyk barada näme diýdi?

HUDAÝYŇ beren sowgatlarynyň ählisi göze görünmeýär. Aslynda, iň uly sowgatlar göze görünmeýär. Isa Dagdaky wagzynda ýerdäki baýlygyň gökde ýygnalýan hazynanyň ýanynda hiç zat bolup galýandygyny aýtdy. Soňra ol şu wajyp hakykaty aýtdy: «Baýlygyňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar» (Mat. 6:19—21). Dogrudanam, biz gymmat saýýan zadymyza ýa-da ýüregimize ýakyn bolan zada ýetmek üçin jan edýäris. Biz gökde baýlyk ýygnamaga tagalla etmeli. Ýöne gökde nädip baýlyk toplap bolýarka? Munuň üçin Hudaýyň öňünde ýagşy at gazanmaly. Isanyň aýdyşy ýaly, şeýle baýlyk hiç haçan zaýalanmaz ýa-da ogurlanmaz.

2. a) 2 Korinfliler 4:17, 18-nji aýatlara görä, Pawlus resul bizi nämä höweslendirýär? b) Bu makalada biz näme hakda gürrüň ederis?

2 Pawlus resul «bizi... görünmeýän zatlara seretmäge» höweslendirdi (2 Korinfliler 4:17, 18-nji aýatlary okaň). Göze görünmeýän sowgatlara Ýehowanyň täze dünýäde berjek bereketleri degişli. Makalada göze görünmeýän dört sowgat, ýagny Ýehowa bilen dostluk, doga etmeklik, Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi we Ýehowanyň, Isanyň hem-de perişdeleriň wagyzda berýän goldawy hakda gürrüň ederis. Şeýle-de biz göze görünmeýän sowgatlara minnetdarlygymyzy nädip görkezip biljekdigimize serederis.

ÝEHOWA BILEN DOSTLAŞMAK

3. Göze görünmeýän gymmatly sowgat näme we ony nämäniň esasynda edinip bilýäris?

3 Ýehowa Hudaý bilen dostlaşmak — göze görünmeýän iň gymmatly sowgat (Zeb. 25:14). Ýehowa mukaddes Hudaý. Eýsem, ol günäli adamlar bilen dostlaşyp mukaddesligine  galyp bilermi? Elbetde, ol Isanyň töleg gurbany arkaly «dünýäniň günäsini ýuwdy» (Ýah. 1:29). Ýehowa adamlary halas etjek Halasgär Isanyň soňuna çenli wepaly galjagyny bilýärdi. Şol sebäpli Hudaý Mesihden öň ýaşap geçen wepaly adamlar bilen hem dostlaşdy (Rim. 3:25).

4. Geçmişde Hudaý bilen dostlaşan käbir adamlar hakda gürrüň beriň.

4 Geliň, geçmişde Hudaý bilen dostlaşan käbir adamlar hakda gürrüň edeliň. Ybraýym pygamber. Ol berk imanly adamdy. Onuň ölümine müň ýyldan köpräk wagt geçensoňam, Ýehowa oňa «dostum» diýdi (Işa. 41:8). Hawa, Ýehowanyň dostlaryny ölüm hem Ondan aýra salyp bilmeýär. Ybraýym Ýehowa üçin henizem diri (Luka 20:37, 38). Eýýup pygamber. Bir gezek gökde perişdeler Hudaýyň huzuryna baranda, Ýehowa Eýýup hakda ynam bilen şeýle diýdi: «Ýer ýüzünde Eýýup ýaly halal, Hudaýa wepaly, Alladan gorkýan we erbetlikden gaça durýan adam ýokdur» (Eýp. 1:6—8). Danyýar pygamber. Ýalan taňrylara sežde edýän adamlaryň arasynda 80 ýyllap wepaly gulluk eden Danyýara Ýehowa nähili garaýardy? Hudaýyň perişdesi ýaşy bir çene ýeten Danyýar pygambere üç gezek: «Hudaý seni gowy görýär» diýdi (Dan. 9:23; 10:11, 19). Biz Ýehowanyň aradan çykan dostlaryny direltjek wagtyna Özüniň hem sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyna ynamly bolup bileris (Eýp. 14:15).

Göze görünmeýän sowgatlar üçin minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? (5-nji abzasa serediň) *

5. Ýehowa bilen dostlaşmak üçin näme etmeli?

5 Şu günler millionlarça bikämil adamlar Ýehowa bilen dostlaşmakdan şatlyk tapýarlar. Biz tutuş ýer ýüzünde ençeme erkekdir aýallaryň we çagalaryň özüni alyp barşy bilen Hudaýyň dosty bolmak isleýändigini öz gözümiz bilen görýäris. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «dogruçyllar» bilen dostlaşýandygy aýdylýar (Nak. 3:32). Olar Isanyň töleg gurbanyna iman edip, şeýle dostlugy gazanyp bilýärler. Başgaça aýdanyňda, olar özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilýärler. Şeýdip, töleg gurbany esasynda Ýehowa olary mähir bilen özüne çekýär. Biz şu ädimleri ädenimizde, özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilen millionlarça mesihçilere goşulýarys we älemde iň beýik Şahsyýet Ýehowanyň «dosty» bolýarys!

6. Ýehowa bilen dostlaşmak hormatyny gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

6 Biz Ýehowa bilen dostlaşmak hormatyny gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris? Ýüz ýyldanam gowrak Hudaýa wepaly galan Ybraýym we Eýýup pygamber ýaly, bizem Ýehowa näçe ýyl gulluk etsegem, oňa soňuna çenli wepaly bolmaly. Danyýar pygamber ýaly, biz hem Ýehowa bilen dostlugymyzy janymyzdan hem gymmat hasaplamaly (Dan. 6:7, 10, 16, 22). Ýehowanyň kömegi bilen, biz dürli synaglara çydap, onuň bilen dostlugymyzy gorap bilýäris (Flp. 4:13).

DOGA ETMEK

7. a) Nakyllar 15:8-e görä, Ýehowa biziň dogalarymyza nähili garaýar? b) Ýehowa biziň dogalarymyza nädip jogap berýär?

7 Göze görünmeýän sowgatlaryň biri — Hudaýa doga-dileg etmek. Jana-jan dostlar bir-birine içini dökmegi, gürrüň etmegi halaýar. Ýehowa hem edil şeýle dost. Ol Mukaddes Kitap arkaly öz pikirini, duýgularyny açyk aýdýar. Bizem oňa doga edip, ýüregimiziň töründäki zatlary we hiç kime aýtmaýan syrlarymyzy aýdýarys. Elbetde, Ýehowa şeýle dogalarymyzy eşitmekden şatlyk tapýar (Nakyllar 15:8-i okaň). Mähirden doly Dostumyz Ýehowa dogalarymyzy diňe bir diňlemän, eýsem olara jogap hem berýär. Käbir dogalarymyza tiz  jogap alýarys. Käte bolsa belli bir mesele babatda köpräk doga etmeli bolýarys. Nähili bolaýanda-da, biz bir zada ynamly bolup bilýäris: Ýehowa dogalarymyza öz wagtynda hem iň gowy ýol bilen jogap berer. Käwagt Hudaý biziň isleýşimiz ýaly jogap bermezligi hem mümkin. Meselem, synaglary aýyrmagyň deregine Hudaý bize «çydap biler ýaly» akyldarlyk hem güýç berýär (1 Kor. 10:13).

(8-nji abzasa serediň) *

8. Biz doga etmek sowgady üçin minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

8 Biz doga etmek sowgady üçin minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? Munuň üçin Mukaddes Kitapdaky «hemişe doga-dileg ediň» diýen maslahata eýermeli (1 Sel. 5:17). Ýehowa bizi özüne doga etmäge mejbur etmeýär. Gaýtam ol biziň erkinligimize hormat goýýar we bizi «hemişe doga etmäge» çagyrýar (Rim. 12:12). Diýmek, biz her gün Hudaýa doga edenimizde, doga etmek sowgadyny berendigi üçin minnetdardygymyzy görkezýäris. Elbetde, biz dogalarymyzda Ýehowa minnetdarlyk hem alkyş sözlerini aýdyp bileris (Zeb. 145:2, 3).

9. Bir dogan doga etmek barada näme diýýär? Siz doga etmeklige nähili garaýarsyňyz?

9 Ýehowa näçe köp gulluk etseň, şonça-da onuň dogalaryňa üýtgeşik ýollar bilen jogap berýändigini görüp, doga etmegi hasam gymmat saýýarsyň. 47 ýyllap uzak wagtly gulluk edýän Kris dogan şeýle gürrüň berýär: «Säher bilen Ýehowa doga etmek ýakymly bolýar. Jahan ýagtylyp, tebigat oýananda, Ýehowa bilen gürleşmek hasam ýakymly bolýan eken. Şonda men Ýehowa ähli sowgatlary üçin, şol sanda doga etmek sowgady üçin minnetdarlyk aýdýaryn. Agşam hem Ýehowa bilen gürleşseň, ynsabyň arassa bolýar we rahat uklaýarsyň!»

MUKADDES RUH

10. Hudaýyň mukaddes ruhuny näme üçin gymmat saýmaly?

10 Mukaddes ruh Hudaýyň bize berýän ajaýyp sowgatlarynyň ýene biri. Isa bizi Hudaýdan mukaddes ruhuny dilemäge  höweslendirdi (Luka 11:9, 13). Ýehowa mukaddes ruhy arkaly «güýç» berýär (2 Kor. 4:7; Res. 1:8). Dogrudan-da, Hudaýyň mukaddes ruhunyň berýän kömegi bilen, biz islendik kynçylygy ýeňip bilýäris.

(11-nji abzasa serediň) *

11. Mukaddes ruh nädip kömek edýär?

11 Mukaddes ruh bize Hudaýyň tabşyran hormatly borçlaryny ýerine ýetirmäge kömek edýär. Şeýle-de ol ukypdyr başarnyklarymyzy has-da kämilleşdirýär. Biz gullukdaky her bir üstünligimizi öz güýjümiz bilen däl-de, Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly gazanýandygymyza düşünýäris.

12. Zebur 139:23, 24-nji aýatlara görä, Hudaýdan näme üçin mukaddes ruhy dilemeli?

12 Hudaýyň mukaddes ruhuny gymmat saýýandygymyzy görkezmegiň ýene bir usuly ýüregimizdäki erbet höwesleri we pikirleri aýyrmak hakynda doga etmeli (Zebur 139:23, 24-nji aýatlary okaň). Eger biz şeýle doga etsek, Ýehowa mukaddes ruhunyň üsti bilen erbet pikirleri we höwesleri anyklamaga kömek eder. Erbet pikirlerimizi we höweslerimizi anyklanymyzdan soň, dogada Hudaýdan mukaddes ruhuny dilesek, olary aýyrmaga güýç berer. Eger biz şeýle etsek, Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegine mätäçdigimizi görkezeris we mukaddes ruhy gynandyrýan islendik işden gaça durarys (Efes. 4:30).

13. Mukaddes ruhy berendigi üçin Hudaýa minnetdarlygymyzy nädip artdyryp bilýäris?

13 Şu günler biz mukaddes ruhuň edýän işleri barada oýlanyp, minnetdarlygymyzy artdyryp bilýäris. Isa göge galmazyndan öň şägirtlerine şeýle diýdi: «Siziň üstüňize mukaddes ruh inende, güýjüňize güýç goşulyp... bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» (Res. 1:8). Isanyň aýdan sözleriniň ýerine ýetýändigini şu günler biz öz gözümiz bilen görýäris. Mukaddes ruhuň kömegi bilen, şu günler ýeriň dört künjeginde takmynan 8 ýarym million adam Ýehowa sežde edýär. Biz ruhy jennetde ýaşaýarys, sebäbi Hudaýyň mukaddes ruhy bize söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, gowulyk, iman, ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik  ýaly ajaýyp häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär. Bu häsiýetlere «ruhuň miwesi» diýilýär (Gal. 5:22, 23). Dogrudanam, mukaddes ruh Hudaýyň gymmatly sowgady!

ÝEHOWA, ISA WE PERIŞDELER BILEN IŞLEŞMEK

14. Wagyz gullugyna gatnaşanymyzda kimler bilen işleşýäris?

14 Ýehowa we onuň guramasynyň gökdäki bölegi bilen işleşmek göze görünmeýän sowgatlarynyň ýene biri (2 Kor. 6:1). Biz şägirt taýýarlamak işine gatnaşanymyzda Ýehowa, Isa we perişdeler bilen işleşýäris. Pawlus resul özi barada we bu işe gatnaşýanlar hakda şeýle diýdi: «Biz Hudaýyň işdeşleri» (1 Kor. 3:9). Wagyz işine gatnaşanymyzda, Isa bilen işleşmäge mümkinçiligimiz bolýar. Isa şägirtlerine «ähli halklardan şägirt taýýarlaň» diýen tabşyrygyny berende: «Men... siziň bilen bolaryn» diýdi (Mat. 28:19, 20). Perişdeler bu işi ýerine ýetirmekde nähili orun tutýar? Perişdeleriň «ýerde ýaşaýanlaryň ählisine... ebedi hoş habary yglan etmekde» berýän kömegi, gör, nähili uly bereket! (Ylh. 14:6).

15. Wagyz işimizde Ýehowanyň wajyp orun tutýandygyny görkezýän wakany gürrüň beriň.

15 Biz Patyşalyk tohumyny ekenimizde, olaryň käbiri mes topraga düşüp ösüp başlaýar (Mat. 13:18, 23). Eýsem, adamyň ýüregine ekilen hakykat tohumyny kim ösdürip miwe berer ýaly edýär? Isa muny şeýle düşündirdi: «Meni iberen Atam getirmese, hiç kim meniň ýanyma gelip bilmez» (Ýah. 6:44). Mukaddes Kitapda munuň şeýledigini görkezýän wakalar bar. Pawlus resul Filipi şäherindäki käbir aýallara wagyz edende näme bolandygyny ýadymyza salalyň. Mukaddes Kitapda şol aýallaryň biri barada şeýle diýilýär: «Lidiýa Pawlusy ünsli diňledi, sebäbi Ýehowa onuň ýüregini açypdy» (Res. 16:13—15). Hawa, Ýehowa Lidiýa ýaly başga-da millionlarça adamlary özüne ýakynlaşdyrdy.

16. Wagyz işinde gazanýan üstünliklerimiz üçin şöhrata kim mynasyp?

16 Wagyz işinde gazanýan üstünliklerimiz üçin şöhrata kim mynasyp? Pawlus resul Korinfdäki ýygnaga ýazan hatynda munuň jogabyny aýtdy: «Men tohum ekdim, Apollos suwardy, ýöne ösdürýän Hudaýdyr. Şonuň üçin tohumy ekene ýa-da suwarana däl-de, ösdürýän Hudaýa alkyş aýtmaly» (1 Kor. 3:6, 7). Pawlus resul ýaly bizem wagyzda gazanan islendik üstünligimiz üçin hemişe Ýehowany şöhratlandyrmaly.

17. Biz Hudaý, Isa we perişdeler bilen işleşmek hormatyny gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bilýäris?

17 Biz Hudaý, Isa we perişdeler bilen işleşmek hormatyny gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bilýäris? Munuň üçin hoş habary yhlasly wagyz etmeli. Wagyz etmegiň birnäçe usullary bar. Mysal üçin, biz «jemagatyň öňünde we öýden-öýe» wagyz edip bilýäris (Res. 20:20). Şeýle-de biz her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýäris. Mundan başga-da başga ýerden gelen adamlar bilen mähirli salamlaşyp, olar bilen gürrüňdeş bolýarys. Eger adamlar biziň bilen gürrüňdeşligini dowam etmek islese, gürrüňimizi Patyşalyk baradaky hoş habara ugrukdyryp bilýäris.

(18-nji abzasa serediň) *

18, 19. a) Biz hakykat tohumyny nädip suwarýarys? b) Ýehowanyň bir dogana nädip kömek edendigini gürrüň beriň.

18 «Hudaýyň işdeşleri» hökmünde biz hakykat tohumyny diňe bir ekmän, ony suwaryp hem durmaly. Adamyň hakykat bilen gyzyklanýandygyny görenimizde, ony gaýtadan idemek üçin jan edýäris ýa-da gyzyklanan adam bilen habarlaşyp, Mukaddes Kitapdan okuwa başlap biler ýaly  başga wagyzça tabşyrýarys. Okuw geçýän adam ruhy taýdan ösüş edende, biz Ýehowanyň şol adamyň ýüregine ekilen tohumy ösdürýändigini, ýagny oňa garaýşyny hem-de pikirini özgertmäge kömek edýändigini görüp, örän begenýäris.

19 Günorta Afrikada ýaşaýan bir dogan bilen bolan waka seredeliň. Ol öň tebipçilik bilen meşgullanýardy. Emma Mukaddes Kitaby öwrenip başlanda, bilen zatlary ýüregine jüňk bolýar. Ýöne Hudaýyň Sözünden ölen adamlar bilen gatnaşyk saklamaly däldigi baradaky hakykaty kabul etmek kyn bolýar (5 Mus. 18:10—12). Wagtyň geçmegi bilen, ol Hudaýa garaýşyny özgertmäge ýol berýär. Netijede, ol işini, ýagny tebipçilik etmegini goýýar. Häzir ol dogan 60 ýaşynda. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň Şaýatlaryna beren kömegi üçin köp sagbolsun aýdýaryn. Olar maňa iş tapmaga-da kömek etdiler. Esasanam, durmuşymy üýtgetmäge kömek edendigi üçin Ýehowa ýürekden minnetdar. Häzir men Ýehowanyň suwa çümdürilen gullukçylarynyň biri hökmünde hoş habary wagyz edýärin».

20. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

20 Biz şu makalada göze görünmeýän dört sowgat hakda gürrüň etdik. Olaryň iň ulusy Ýehowa Hudaý bilen dostlaşmak hormaty. Bu sowgat bize göze görünmeýän beýleki sowgatlary almaga mümkinçilik berýär: Ýehowa doga edip bilýäris, mukaddes ruhuň kömegini alýarys, Ýehowanyň guramasynyň gökdäki bölegi bilen hyzmatdaşlyk etmek hormatyna eýe bolýarys. Geliň, hemişe şeýle sowgatlary gymmat saýalyň we ajaýyp sowgatlary berýän gadyrdan Dostumyz Ýehowa sagbolsun aýtmagy hiç haçan bes etmäliň!

145-NJI AÝDYM Hudaý Jenneti wada berdi

^ par. 5 Geçen makalada Hudaýyň berýän käbir sowgatlary hakda gürrüň etdik. Indi bolsa Hudaýyň berýän başga sowgatlary hakda bileris. Biz şol sowgatlary görüp bilmesek-de, olary gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip biljekdigimize serederis. Şonda şol sowgatlaryň Gözbaşy bolan Ýehowa Hudaýa minnetdarlygymyz has-da artar.

^ par. 58 SURAT: 1) Uýamyz tebigaty synlap durka, Ýehowa bilen dostlaşmak hormaty hakda oýlanýar.

^ par. 60 SURAT: 2) Şol uýa wagyz edip biler ýaly, Ýehowadan güýç bermegini soraýar.

^ par. 62 SURAT: 3) Ýehowa mukaddes ruhy arkaly uýamyza Patyşalyk habaryny her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmäge batyrgaýlyk berýär.

^ par. 64 SURAT: 4) Uýamyz wagyz eden şol aýaly bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýär. Uýamyz perişdeleriň kömegi bilen, wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine gatnaşýar.