Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 ÖWRENILÝÄN MAKALA 20

Zorlugyň pidasy bolanlara teselli beriň

Zorlugyň pidasy bolanlara teselli beriň

«Bütin teselliler Hudaýy... bize ähli kynçylyklarymyzda teselli berýär» (2 Kor. 1:3, 4).

41-NJI AÝDYM Ýaşlygyňyzdan Ýehowa gulluk ediň

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. a) Adamlaryň tesellä mätäçdigi we bir-birine teselli berip bilýändigi nämeden görünýär? b) Käbir çagalar nämä duçar bolýar?

ADAMLAR köplenç tesellä mätäç bolýar we olaryň bir-birine teselli bermek ukyby bar. Mysal üçin, çaga oýnap ýörkä ýykylyp, dyzyny sypjyrsa, derrew ejesiniň ýa kakasynyň ýanyna ylgaýar. Ene-atasy onuň ýarasyny bejerip bilmese-de, ony köşeşdirýär. Olar çagasyndan näme bolandygyny sorap, gözýaşyny süpürýärler, ony gujaklap, teselli beriji sözleri aýdýarlar. Şeýle-de ýarasyny daňýarlar. Biraz wagtdan çaga aglamasyny goýýar-da, ýene-de oýnap başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen, ýarasam bitýär.

2 Ýöne käwagt çagalar gaty erbet şikes alýar. Käbir çagalar zorlanýar. Çaga bir gezek ýa-da ýyllaryň dowamynda yzygider zorlanmagy mümkin. Nähili bolaýanda-da, zorlanan çagalar özüni gaty erbet duýýarlar. Käbir ýagdaýlarda günäkärleri tutup, jezalandyrsalar-da, käte olar jezadan gaçýarlar. Hatda olara jeza berselerem, bolan zatlar zorlanan çaganyň ulalanda-da ýadyndan çykmaýar.

3. a) 2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlardan Ýehowa barada näme bilýäris? b) Biz nähili soraglara serederis?

3 Eger mesihçi çagaka zorlanyp, henizem bolan zatlar sebäpli ejir çekýän bolsa oňa näme kömek edip biler? (2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlary okaň). Ýehowa şeýle zatlardan ejir çekýän gullukçysynyň söýgi bilen aladasyny edýär we teselli berýär. Geliň, şu 3 soraga seredeliň: 1) Çagaka zorlanan adamlar näme üçin tesellä mätäç bolýar? 2) Olara kim teselli berip biler? 3) Biz olara nädip teselli berip bileris?

NÄME ÜÇIN TESELLI BERMELI?

4, 5. a) Biz näme üçin çagalaryň uly adamlardan tapawutlanýandygyna düşünmeli? b) Çaganyň zorlanmagy onuň başgalara bolan ynamyna nähili täsir edýär?

4 Çagaka zorlanan käbir adamlar köp ýyl geçse-de, tesellä  mätäç bolýar. Adatça, çagalar uly adamlardan gaty tapawutlanýar. Olar käbir zatlary uly adamlar ýaly kabul etmeýär. Geliň, käbir ýagdaýlara seredeliň.

5 Çagalar ynanjaň bolýar. Çagalar özlerine terbiýe berýän we seredýän adamlara çalt öwrenişýär, olara ynanýar hem-de özlerini howpsuz duýýar (Zeb. 22:9). Gynansak-da, çagalar köplenç öz ýakynlary, meselem, maşgala agzalary we maşgalasy bilen ýakyndan gatnaşýan adamlar tarapyndan zorlanýar. Olar çaganyň ynamyna girip, ony zorlaýarlar. Ynanyp ýören adamy şeýle zalymlyk edende, çaganyň başgalara bolan ynamy gaçyp, köp ýyl geçse-de, hiç kime ynanyp bilmeýär.

6. Çaga zorlamak näme üçin zalymlyk hasaplanýar?

6 Çagalar ejiz bolýar we özüni gorap bilmeýär. Zorluk edýän adamlar mundan peýdalanyp, olary zorlaýar. Bu bolsa barypýatan zalymlyk hasaplanýar. Sebäbi çagalara köp zyýan ýetýär. Beden, pikir we duýgy taýdan heniz taýyn dälkä, çagalary ençeme ýyl öňünden jynsy gatnaşyk etmäge itermek olara gaty erbet täsir edýär. Bu çaganyň jynsy gatnaşyga bolan garaýşyny ýoýup, özüni dereksiz duýmaga iterýär we başgalara bolan ynamyny gaçyrýar.

7. a) Çagalary näme üçin aňsatlyk bilen aldap bolýar we zorlaýan adam olary nädip aldaýar? b) Zorlaýan adamyň aýdýan ýalan zatlary nämä eltip biler?

7 Çagalar howpy görüp we ondan gaçyp bilmeýär. Sebäbi olar uly adamlar ýaly pikirlenip bilmeýärler (1 Kor. 13:11). Çaga zorlaýan adam mundan peýdalanyp, olary aňsatlyk bilen aldaýar. Olar bolan zatlara çaganyň özüniň günäkärdigini, muny hiç kime aýtmaly däldigini, eger zorlanandygyny aýtsa, ony hiç kimiň diňlemejekdigini we ynanmajakdygyny ýa-da uly adam bilen çaganyň arasyndaky jynsy gatnaşygyň bolaýmaly zatdygyny aýdyp, çagalary aldaýarlar. Olaryň aýdýan ýalan zatlary çaganyň pikirini zaýalaýar we şol zatlaryň ýalandygyna düşünmek üçin çaga ençeme ýyl gerek bolýar. Şol sebäpli zorlanan çaga özüni hapa, söýülmeýän we hiç kime gerek däl ýaly duýýar.

8. Ejir çekýänlere Ýehowanyň teselli berýändigine näme üçin ynanyp bileris?

8 Çagaka zorlanan adamlaryň bolan zatlary näme üçin şeýle köp wagtlap ýadyndan çykaryp bilmeýändigi geň galdyrmaýar. Esasanam, çagalaryň zorlanmagy biziň soňky günlerde, ýagny «dogan-garyndaşlaryny söýmeýän... zalym we ýalançy» hem-de «erbet işleri etmekde has-da ökdeleşýän» adamlaryň arasynda ýaşaýandygymyzy ýene bir gezek subut edýär (2 Tim. 3:1—5, 13). Şeýtanyň ulanýan usullary adamlary zalymlyga iterýär we ol adamlaryň edýän erbet işlerini görende, gaty begenýär. Emma Ýehowa Şeýtandan we onuň islegini berjaý edip ýaşaýanlardan has güýçli. Ol Şeýtanyň nähili usullary ulanýandygyny gaty gowy bilýär. Şol sebäpli biz horluk çekenimizde, Ýehowanyň ýagdaýymyza düşünýändigine we bize teselli berjekdigine doly ynamly bolup bileris. Biz «bütin teselliler Hudaýyna» gulluk edýändigimize begenýäris. Sebäbi «Hudaýdan alan tesellimiz arkaly başgalara-da her hili kynçylyklarynda teselli berip biler ýaly, Ol bize ähli kynçylyklarymyzda teselli berýär» (2 Kor. 1:3, 4). Eýsem, Ýehowa kim arkaly teselli berýär?

KIM TESELLI BERIP BILER?

9. Dawut patyşanyň Zebur 27:10-daky sözlerine görä ene-atasy taşlan adamlara Ýehowa nähili garaýar?

9 Esasanam, ene-atasy taşlan ýa-da ýakynlary tarapyndan zorlanan adamlar hasam tesellä mätäç bolýar. Mezmurçy Dawut Ýehowanyň hemişe bize teselli berjekdigine ynanýardy (Zebur 27:10-y okaň). Ol  Ýehowanyň maşgalasy tarapyndan taşlanan adamlaryň aladasyny etjekdigine iman edýärdi. Ýehowa olaryň nädip aladasyny edýär? Ýehowa wepaly gullukçylary arkaly olara teselli berýär. Ýygnakdaky dogan-uýalar biziň ruhy maşgalamyz. Bir gezek Isa hem: «Gökdäki Atamyň islegini berjaý edýän adam meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi (Mat. 12:48—50).

10. Pawlus ýygnak ýaşulusy hökmünde edýän gullugy barada näme diýdi?

10 Mesihçiler ýygnagyny maşgala meňzetse bolýar. Geliň, Pawlus hakda gürrüň edeliň. Ol zähmetsöýer, wepaly ýaşulydy we imandaşlaryna gowy görelde görkezýärdi. Pawlus özüniň Mesihden görelde alşy ýaly, dogan-uýalary hem özünden görelde almaga höweslendirýärdi (1 Kor. 11:1). Pawlus ýaşuly hökmünde dogan-uýalaryň aladasyny edýändigi barada şeýle diýdi: «Siziň bilen özümizi mähirli alyp baryp, çagasy hakda söýgi bilen alada edýän we ony emdirýän ene ýaly bolduk» (1 Sel. 2:7). Şu günler hem ýaşulular mähirli ene ýaly, tesellä mätäç dogan-uýalara ýumşaklyk hem mähir bilen Mukaddes Ýazgylar arkaly göwünlik berýärler.

Ruhy taýdan ösen uýalar göwnüçökgünlere teselli berip bilýär(11-nji abzasa serediň) *

11. Zorlanan adamlara diňe ýaşulular teselli bermelimi?

11 Zorlanan adamlara diňe ýaşulular teselli bermelimi? Elbetde, ýok. Biziň ählimiz «bir-birimize teselli bermäge» borçly (1 Sel. 4:18). Esasanam, ruhy taýdan ösen uýalar tesellä mätäç uýalary ruhlandyryp biler. Ýehowa özüni çagasyna teselli berýän ene bilen deňeşdirýär. Bu örän ýerlikli (Iş. 66:13). Mukaddes Ýazgylarda betbagtçylyga uçranlara aýallaryň hem teselli berendigi aýdylýar (Eýp. 42:11). Duýgy taýdan ejir çekýän imandaşlaryna kömek berýän uýalary görende, Ýehowanyň nähili begenýändigini göz öňüne getiriň! Käbir ýagdaýlarda ýaşulular ruhy taýdan ýetişen uýadan ejir çekýän uýa kömek etmegi haýyş edip biler *.

NÄDIP TESELLI BERMELI?

12. Biz nämeden seresap bolmaly?

12 Biz zorluga sezewar bolan imandaşymyza  kömek edenimizde, onuň aýtmak islemeýän zadyny zor bilen aýtdyrjak bolmaly däl (1 Sel. 4:11). Onda kömege hem tesellä mätäçlere nädip kömek edip bileris? Geliň, Mukaddes Ýazgylar esasynda munuň bäş usulyna seredeliň.

13. a) 1 Patyşalar 19:5—8-nji aýatlara görä Ýehowanyň perişdesi Ylýas pygambere nädip kömek etdi? b) Biz perişdeden näme öwrenip bileris?

13 Gerekli kömegi beriň. Bir gezek Ylýas pygamber janyny halas etmek üçin gaçmaly bolýar. Sebäbi ony öldürjek bolýardylar. Ylýas pygamber ruhdan düşüp, öz ölümini dileýär. Şonda Ýehowa göwnüçökgün pygamberiniň ýanyna perişdesini iberýär. Perişde oňa öz wagtynda gerekli kömegi berýär. Ol Ylýas pygambere iýmäge zat berýär (1 Patyşalar 19:5—8-nji aýatlary okaň) *. Bu wakadan bir wajyp zady öwrenýäris. Käte ýönekeýje ýagşylyk hem adama gaty uly kömek bolýar. Mysal üçin, nahar, ýönekeýje sowgat ýa-da ruhlandyryjy hatjagaz göwnüçökgün dogana ýa-da uýa güýçli täsir edip biler. Bu olara söýgimizi hem-de aladamyzy duýmaga kömek eder. Eger zorluga sezewar bolan imandaşymyz bilen başyna düşen zatlar hakda gepleşmäge ýaýdanýan bolsak, oňa el kömegini berip bileris.

14. Ylýas pygamber bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

14 Özüni rahat duýmaga kömek ediň. Ylýas pygamber bilen bolan wakadan ýene bir wajyp zady öwrenýäris. Ýehowa gudrat bilen, oňa Horep dagyna barmak üçin uzak ýoly geçmäge kömek etdi. Ylýas pygamber şol ýerde özüni rahat duýan bolmaly. Sebäbi Ýehowa geçmişde öz halky bilen şol dagda äht baglaşypdy. Indi ol janyny aljak bolýan adamlardan uzakdady. Biz mundan näme öwrenýäris? Eger biz zorlanan imandaşymyza kömek etmek islesek, ilki bilen, oňa özüni rahat duýar ýaly ýagdaý döretmeli. Mysal üçin, göwnüçökgün uýa özüni rahat duýup, gorkmaz ýaly, ýaşulular onuň bilen Ýygnak jaýynda däl-de, öýde çaý başynda gürrüňdeş bolup biler. Käbirleri bolsa öýünde däl-de, Ýygnak jaýynda özüni has rahat duýmagy mümkin.

Ünsli diňläp, ýürekden doga edip we teselli beriji sözleri aýdyp, ruhlandyryp bileris (15—20-nji abzaslara serediň) *

15, 16. Imandaşymyzy nädip ünsli diňläp bileris?

15 Ünsli diňläň. Mukaddes Ýazgylarda: «Her bir adam diňlemäge taýyn, geplemäge howlukmaýan... bolmaly» diýilýär (Ýak. 1:19). Siz başgalary ünsli diňleýärsiňizmi? Mümkin, siz gowy diňleýji bolmak üçin hiç zat diýmän, adamyň ýöne bir ýüzüne seredip oturmak ýeterlikdir diýip pikir edýänsiňiz. Ýöne gowy diňleýji bolmak üçin bu ýeterlik däl. Meselem, Ylýas pygamber özüni erbet duýýandygyny aýdyp, ýüregini dökende, Ýehowa ony ünsli diňledi. Ýehowa Ylýas pygamberiň gorkýandygyna, özüni ýeke duýýandygyna we bar eden işleri biderek diýip pikir edýändigine düşünýärdi. Şol sebäpli Ýehowa söýgi bilen oňa erbet duýgularyny ýeňmäge kömek etdi. Şeýdip, Ýehowa ony ünsli diňleýändigini görkezdi (1 Pat. 19:9—11, 15—18).

16 Biz göwnüçökgün imandaşymyzy diňlänimizde, söýgi bilen aladasyny edýändigimizi we duýgudaşlyk bildirýändigimizi nädip görkezip bileris? Käwagt ýürekden aýdylan birki agyz söz hem duýgularymyzy gowy beýan edýär. Mysal üçin, biz şeýle diýip bileris: «Muny eşidip, gaty gynandym. Heý, çaganam bir şeýdip bolarmy?!» Ýa-da göwnüçökgün imandaşymyzyň  aýdýan zatlaryna has gowy düşünmek üçin oňa birki sorag berip bileris. Meselem: «Sen nämäni göz öňünde tutýandygyňy aýdyp bilermiň?» ýa-da «Seniň aýdanlaryňa şeýleräk düşündim... Men dogry düşündimmikäm?» diýip bileris. Söýgi bilen aýdylan şeýle sözler göwnüçökgün adamyň ýagdaýyna düşünýändigiňizi we ony ünsli diňleýändigiňizi duýmaga kömek eder (1 Kor. 13:4, 7).

17. Biz näme üçin sabyrly bolmaly we «geplemäge howlukmaly» däl?

17 Adamy diňläniňizde, «geplemäge howlukmaň». Imandaşyňyza derrew maslahat berjek bolmaň ýa-da onuň garaýşyny düzetjek bolmaň. Gaýtam, ony sabyrly diňläň. Ylýas pygamber Ýehowa ýüregini dökende, oýlanyşyksyz sözleri aýdypdy. Bu onuň gaty ruhdan düşendigini görkezýär. Ýehowa Ylýas pygamberiň imanyny berkideninden soň hem ol ýene-de şol bir sözleri aýdyp, ýüregini dökýär (1 Pat. 19:9, 10, 13, 14). Biz mundan näme öwrenýäris? Käwagt göwnüçökgün adam bir gezek däl, birnäçe gezek ýüregini dökmegi mümkin. Biz Ýehowadan görelde alyp, olary sabyrly diňläp bileris. Olaryň kynçylyklaryny çözjek bolman, gaýtam, duýgudaşlyk bildirip, mähir bilen aladasyny edip bileris (1 Pet. 3:8).

18. Göwnüçökgün imandaşymyz bilen bile doga etmek näme üçin peýdaly?

18 Bile doga ediň. Adatça, göwnüçökgünlige düşen adamyň doga etmäge islegi bolmaýar. Ol özüni Ýehowa doga etmäge-de mynasyp däl ýaly duýmagy mümkin. Şonuň üçin oňa bile doga etmegi teklip edip bileris. Doga edenimizde, onuň adyny tutsak, gowy bolar. Şeýle-de dogamyzda özümiziň hem-de ýygnagymyzdaky dogan-uýalaryň ony ýürekden söýýändigini aýdyp bileris. Mundan başga-da Ýehowadan ony köşeşdirip, teselli bermegini diläp bileris. Şeýle dogalar göwnüçökgün adama, hakykatdan-da, teselli berýär (Ýak. 5:16).

19. Imandaşymyza teselli bermek üçin näme edip bileris?

19 Ruhlandyryň we teselli beriň. Adama bir zat aýtmazdan öň oýlanyň. Oýlanyşyksyz  sözler adamyň ýüregine ýara salýar. Mähirli sözler bolsa ruhlandyrýar (Sül. tym. 12:18). Şol sebäpli mähirli, teselli beriji we göwnüňi göteriji sözleri aýtmak üçin doga edip, Ýehowadan kömek soraň. Biz iň gowy teselli beriji sözleri Mukaddes Ýazgylardan tapyp bileris (Ýew. 4:12).

20. Zorlanan adamlar özüni nähili duýýar we olara nädip kömek edip bileris?

20 Zorlanan adamlar özlerini hapa, söýülmeýän we hiç kime gerek däl ýaly duýýarlar. Elbetde, şeýle pikir etmek nädogry. Şol sebäpli şeýle dogan-uýalara Ýehowanyň olary gözüniň göreji deý gymmat saýýandygyny ýatladyň (« Teselli beriji aýatlar» diýen çarçuwa serediň). Mysal üçin, Danyýel pygamber özüni ejiz we göwnüçökgün duýanda, Ýehowanyň perişdesiniň ony nädip ruhlandyrandygyny ýatladyň. Ýehowa wepaly gullukçysyny gaty gymmat saýýardy we muny onuň bilmegini isleýärdi (Dan. 10:2, 11, 19). Şonuň ýaly göwnüçökgün imandaşlarymyz hem Ýehowanyň nazarynda juda gymmatly.

 

21. Toba etmeýän adamlara näme bolar we şol döwür gelýänçä näme edip bileris?

21 Biz dogan-uýalara teselli berenimizde, Ýehowanyň olary söýýändigini ýatladýarys. Emma Ýehowanyň adalaty söýýän Hudaýdygyny hem unutmaly däl. Zorluk edýän adamlar eden etmişini Ýehowadan gizläp bilmez. Ol ähli zady görýär we toba etmeýän adamlara hökman jeza berer (San. 14:18). Şol döwür gelýänçä, zorlanan adamlara söýgimizi bildirmek üçin elimizde baryny edeliň. Ýehowa Şeýtanyň we onuň dünýäsi tarapyndan zorlugyň pidasy bolanlaryň ýaralaryny hemişelik bitirer. Bu bize teselli berýär. Şonda zorlugyň ýetiren zyýanyny gaýdyp hiç haçan ýatlamarys (Iş. 65:17).

73-NJI AÝDYM Biri-biriňizi ýürekden söýüň

^ abzas 5 Çagaka zorlanan adamlar bolan zatlary ençeme ýyllap ýadyndan çykaryp bilmeýär. Bu makala bize munuň sebäbine düşünmäge kömek eder. Şeýle-de olara kimleriň teselli berip biljekdigini bileris. Soňra bolsa zorlugyň pidasy bolanlara nädip teselli berip biljekdigimize serederis.

^ abzas 11 Zorlanan adam lukmana ýüz tutmalydygyny ýa-da däldigini özi çözmeli.

^ abzas 13 1 Patyşalar 19:5 Soňra ol gyrymsy sübse agajynyň aşagynda ýatdy-da, uka gitdi. Ine, birdenkä bir perişde Ylýasy yralap: «Tur-da, iýip-iç» diýdi. 6 Ylýas pygamber töweregine garanjaklady. Ine, görse, onuň başujunda gyzgyn daşyň üstünde bişirilen çörek bilen bir küýze suw bardy. Ol iýip-içip, ýene-de ýatdy. 7 Rebbiň perişdesi ikinji gezek gelip, ony yralap: «Tur-da, iýip-iç, ýogsam bu syýahat gaty uzak we kyn bolar» diýdi. 8 Ylýas pygamber turup iýip-içdi. Onsoň ol naharyň güýjüne kyrk gije-gündizläp ýol ýöräp, Hudaýyň dagy Horebe geldi.

^ abzas 77 SURATLAR: Uly ýaşly uýa duýgy taýdan ejir çekýän uýa teselli berýär.

^ abzas 79 SURATLAR: Ýygnak ýaşululary göwnüçökgün uýa teselli berýär. Uýanyň haýyşy bilen, ol ýere göwünlik beren uýa hem çagyrylýar.