Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Surnaýyň sesine gulak asýarsyňyzmy?

Surnaýyň sesine gulak asýarsyňyzmy?

«SOŇKY GÜNLERDE» Ýehowanyň öz halkyna görkezme berip, ugrukdyrýandygyna berk ynanýarys (2 Tim. 3:1). Biziň ählimiz Ýehowanyň görkezmesine gulak asmaly. Biziň ýagdaýymyz çölde ýaşan ysraýyllaryňka meňzeýär. Olar surnaýyň sesine gulak asmalydylar.

Ýehowa Musa pygambere «halky ýygnamak we çadyrlary sökdürmek üçin» iki sany surnaý ýasamagy tabşyrýar (4 Mus. 10:2). Ruhanylar surnaýy her dürli çalyp, halka näme etmelidigini duýdurýardy (4 Mus. 10:3—8). Şu günler hem Hudaý halkyna dürli ýollar arkaly görkezme berýär. Geliň, şolaryň üçüsine seredeliň we munuň gadymy Ysraýylda çalnan surnaý bilen nähili meňzeşliginiň bardygyny bileliň. Şu günler Hudaýyň halky uly duşuşyklara çagyrylýar, ýaşuly doganlara ýörite tälim berilýär we üýtgeşmeler barada ýygnaklara görkezmeler berilýär.

ULY DUŞUŞYKLARDA

Ýehowa halkyny ýygnak çadyrynyň gündogar tarapyna çagyranda, ruhanylar surnaýlaryň ikisini bile çalmalydy (4 Mus. 10:3). Surnaýyň sesini hemmeler eşiden bolmaly, sebäbi halk dört topara bölünip, ýygnak çadyrynyň töwereginde düşleýärdi. Ýygnak çadyrynyň golaýynda düşlän taýpalar surnaý çalnansoň, birnäçe minuda gelip bilendir. Uzakda düşlän taýpalar gelýänçä, köp wagt gerek bolandyr we gelýänçäler ýadandyrlar. Ýöne Ýehowa ähli halkyň gelmegini we görkezmeleri eşitmegini isleýärdi.

Şu günler ýygnak çadyryň öňüne ýygnanyşmasagam, bizi Hudaýyň halkynyň ýygnaklaryna, meselem, welaýat kongreslerine we beýleki ruhy çärelere çagyrýarlar. Şol ýerde biz wajyp görkezmeleri we maslahatlary eşidýäris. Bütin ýer ýüzünde Ýehowanyň halky şol bir ruhy iýmiti alýar. Şeýle duşuşyklara çagyrylan adamlar Hudaýyň şadyýan halky bilen bir ýere ýygnanyşyp bilýändigine begenýärler. Käbirleri şeýle duşuşyklara gelmek üçin uzak aralygy geçmeli bolýar. Ýöne şeýle çakylygy kabul eden adamlar eden tagallasynyň ýerine düşendigine göz ýetirýärler.

Uly duşuşyklar geçirilende çet ýerdäki toparlar peýda alyp bilýärmi? Döwrebap tehniki enjamlaryň kömegi bilen olaram şeýle çäreleri wideoaragatnaşyk arkaly görýärler we özlerini şol ýerde oturan dogan-uýalaryň arasynda ýaly duýýarlar. Meselem, baş edaranyň wekili Benin filialyny idände duşuşyk wideoaragatnaşyk arkaly Sahara çölünde  ýerleşýän Arli (Nigeriýa) şäherinde görkezildi. Duşuşygy 21 adam gördi. Olaryň köpüsi gyzyklanyjydy. Olar uzakda bolsalaram, özlerini duşuşyga gatnaşan 44 131 dogan-uýanyň arasynda ýaly duýdular. Bir dogan şeýle hat ýazdy: «Şu çäräni görmäge mümkinçilik döredendigiňiz üçin köp sag boluň. Bizi ýürekden söýýändigiňize ýene bir gezek göz ýetirdik».

ÝAŞULULARA TÄLIM BERLENDE

Ysraýyl ruhanylary surnaýyň birini çalsa, ýygnak çadyrynyň öňüne «diňe baştutanlar, ýagny ysraýyl müňbaşylary gelmelidi» (4 Mus. 10:4). Musa olara tälim we görkezme berýärdi. Şonda olar borçlaryny dogry ýerine ýetirip bilýärdi. Eger siz baştutan bolsaňyz, şol duşuşyga barmak we Musany diňlemek üçin eliňizde baryny etmezdiňizmi?

Ýygnak ýaşulularyna «baştutan» diýip bolmaýar. Olar Hudaýyň sürüsine agalyk etmeýär (1 Pet. 5:1—3). Ýöne olar Hudaýyň sürüsiniň aladasyny etmek üçin elinde baryny edýärler. Şonuň üçin olary Patyşalyk gullugynyň mekdebi ýaly okuwlara çagyranlarynda çakylygy höwes bilen kabul edýärler. Ýaşulular okuwyň dowamynda ýygnakdaky borçlaryny has gowy ýerine ýetirmegi öwrenýärler. Netijede, hem ýaşulular hem-de ýygnakdaky wagyzçylar Ýehowa has-da ýakynlaşýarlar. Siz şol mekdepde okamasaňyzam, mekdepde okan ýaşululardan köp zatlary öwrenip bilersiňiz.

GURAMADA ÖZGERIŞLIK BOLANDA

Ysraýyl ruhanylary wagtal-wagtal surnaýy gysga-gysga çalýardy. Şonda halk Ýehowanyň buýrugy bilen ýola düşmelidigini bilýärdi (4 Mus. 10:5, 6). Ysraýyllar çadyrlaryny söküp ýola düşenlerinde örän guramaçylykly hereket edýärdi. Munuň üçin tutuş halk tagalla etmeli bolýardy. Elbetde, käbir ysraýyllara göçüp-gonup ýörmek aňsat bolan däldir. Näme üçin?

Belki, käbirleri tiz-tizden göçýändigine we surnaýyň duýdansyz çalynýandygyna nägile bolandyr. «Käwagt bulut çadyryň üstünde ýekeje gije durup, irden ýokary göterilerdi». Käwagt bolsa, başga ýere göçýänçäler «iki gün, bir aý ýa-da uzak wagt» garaşmaly bolýardylar (4 Mus. 9:21, 22). Ysraýyllar näçe gezek düşledilerkä? 4 Musa 33-nji bapda ysraýyllaryň takmynan 40 gezek düşländigi aýdylýar.

Käte ysraýyllar kölegeli ýerde düşleýärdi. «Ägirt uly we gorkunç çölüň içinde» şeýle ýerde düşlän halk örän begenendir (5 Mus. 1:19). Şonuň üçin käbir ysraýyllar «indiki düşlejek ýerimiz-ä munuň ýaly bolmaz» diýip pikir eden bolmaly.

Ysraýyl taýpalary ýola düşende, käbirlerine nobatyna garaşmak aňsat düşen däldir. Surnaý gysga-gysga çalnanda tutuş halk ýola düşmeýärdi. Surnaý birinji gezek gysga çalnanda gündogardaky taýpalar, ýagny ýahudalar, ysaharlar, zebulunlar ýola düşýärdi (4 Mus. 2:3—7; 10:5, 6). Olar gidensoň ruhanylar ikinji gezek surnaýy gysga çalýardy. Şonda günortadaky üç taýpa ýola düşýärdi. 12 taýpanyň hemmesi ýola düşýänçä, ruhanylar surnaý çalýardy.

Mümkin, size-de guramada bolýan özgerişlikleri kabul etmek aňsat düşýän däldir. Belki, siz köp özgerişlik bolýar diýip pikir edýänsiňiz. Ýa-da guramadaky häzirki ýagdaýa öwrenişendigiňiz üçin özgerişligiň bolmagyny isleýän dälsiňiz. Nähili bolaýanda-da, şeýle ýagdaýlara öwrenişmek aňsat bolmaýar. Munuň üçin wagt gerek bolýar. Ýöne biz täze ýagdaýlara öwrenişmäge jan etsek, munuň peýdalydygyna we Ýehowanyň bizden razydygyna düşüneris.

Musa pygamberiň günlerinde Ýehowa millionlarça erkekleri, aýallary we çagalary çölüň içinden geçirdi. Hudaýyň goldawy we görkezmesi bolmasa, ysraýyllar diri galyp bilmezdi. Ýehowa şu günler hem bize imanymyzy diri saklamaga kömek edýär. Hudaýyň goldawy bilen biz ruhy taýdan ösýäris. Geliň, bizem wepaly ysraýyllaryň göreldesine eýerip, surnaýyň sesine gulak asalyň!