Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şuny bilýäňizmi?

Şuny bilýäňizmi?

I asyrdaky sinagoga: Bu Jelile deňziniň demirgazyk-gündogar tarapyndan takmynan 10 kilometr uzaklykda ýerleşýän Gamladan tapylan I asyrdaky sinagoganyň şekili. Bu surat bize gadymy döwürde sinagogalaryň nähili bolandygyny bilmäge kömek edýär

Sinagoga näme we ol nireden gelip çykdy?

GREK dilinden alnan «sinagoga» diýen söz «ýygnak» ýa-da «bilelikde ýygnanyşmak» diýmegi aňladýar. Bu at ýerlikli, sebäbi öňler ýehudylar sinagogalarda tälim alýardy we Hudaýa sežde edýärdi. Ýewreý ýazgylarynda «sinagoga» sözi duş gelmese-de, Grek ýazgylaryndan görnüşi ýaly, b. e. I asyrynda şeýle ýerler bolupdyr.

Köp alymlaryň aýtmagyna görä, sinagogalar ýehudylaryň Wawilon ýesirliginde bolan döwri döräpdir. Bir ensiklopediýada şeýle diýilýär: «Ýesirlige düşen ýehudylar ybadathana bolmansoň, ýat ýurtda ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin wagtal-wagtal, mümkin, Sabat günleri ýygnanyşyp, bilelikde Ýazgylary okan bolmaly» («Encyclopaedia Judaica»). Olar ýesirlikden boşandan soň hem, doga etmek we Ýazgylary okamak üçin ýygnanyşmagyny dowam eden bolmaly. Şol sebäpli olar baran ýerlerinde sinagogalary guran bolmaly.

B. e. I asyrynda sinagogalar ýehudy dininde we Ortaýer deňziniň töweregine, Gündogar ýurtlarynyň hem-de Ysraýylyň çäklerine ýaýran adamlaryň durmuşynda esasy orun eýeleýärdi. Iýerusalimdäki Ýewreý uniwersitetiniň professory Li Lewin şeýle diýýär: «Sinagoga Ýazgylary öwrenmek, mukaddes zatlardan iýmek, kazyýet bilen bagly meseleleri çözmek, ýygnalan pullary harçlanmaly zatlara paýlamak, syýasy we köpçülikleýin duşuşyklary geçirmek ýaly çäreler üçin ulanylýardy. Ýöne onda, esasan, dini çäreler geçirilýärdi». Ine, şonuň üçin Isanyň hem ýerde ýaşanda köplenç sinagoga barandygy bizi geň galdyrmaýar (Mar. 1:21; 6:2; Luka 4:16). Isa sinagogada gelen adamlara öwredýärdi, tälim berýärdi we ruhlandyrýardy. Mesihçiler ýygnagy döredilenden soň, Pawlus resul hem sinagogalara baryp, adamlara hakykaty öwredipdi. Ruhy zatlar bilen gyzyklanýan adamlar köplenç sinagoga barýardy. Ine, şonuň üçin hem Pawlus resul bir şähere baranda, ilki bilen, sinagoga barardy we wagyz ederdi (Res. iş. 17:1, 2; 18:4).