Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Borjuňyzy ýürekden ýerine ýetiriň!

Borjuňyzy ýürekden ýerine ýetiriň!

SIZ jana-jan dostuňyzdan hat alanyňyzda özüňizi nähili duýýarsyňyz? Timoteosa Pawlus resuldan hat gelipdi. Şu günler ol Mukaddes Kitapda Timoteosa ikinji hat diýip atlandyrylýar. Timoteos dostundan gelen haty alan badyna okamak üçin imisalalyk ýer gözländir. Belki-de, ol haty açmanka, şu soraglar hakda oýlanandyr: «Dostum maňa näme ýazdyka? Öz ýagdaýlary barada ýazdymyka? Bir maslahat berjekmikä ýa-da ýumuş tabşyrjak boldumyka? Ýa-da ol yhlasly wagyz etmek we öwretmek hakda maslahat berdimikä?» Timoteos haty okandan soňra ähli soraglaryna jogap tapdy we gerekli maslahatlary aldy. Geliň, şol hatdaky käbir maslahatlar hakda gürrüň edeliň.

«MEN HEM... GÖRGI GÖRÝÄRIN»

Timoteos hatyň birinji setirini okanda, Pawlusyň ony gowy görýändigini duýýar. Sebäbi Pawlus Timoteosa «söýgüli oglum» diýip ýazýar (2 Tim. 1:2). Timoteos haty b. e. 65-nji ýylynda alýar. Şonda Timoteos 30 ýaşlaryndady we ýaşuly bolup gulluk edýärdi. Timoteos Pawlus bilen on ýyldan gowrak eginme-egin işleýär we köp zatlary öwrenýär.

Timoteos dosty Pawlusyň agyr synaglara döz gelýändigine örän begenen bolmaly. Pawlus resul Rimde türmede otyrdy we özüniň tizden öldüriljekdigini bilýärdi (2 Tim. 1:15, 16; 4:6—8). Timoteos Pawlusyň: «Men hem şonuň üçin görgi görýärin» diýen sözlerini okanda, onuň çydamlydygyna we imanynyň berkdigine göz ýetirýär (2 Tim. 2:8—13). Pawlus resulyň ýazan haty Timoteosyň imanyny berkidişi ýaly, biziň hem imanymyzy berkidýär.

«HUDAÝYŇ BEREN UKYBY... IÇIŇDE OT KIMIN ÝANYP DURSUN!»

Pawlus Timoteosa: «Hudaýyň beren ukyby... içiňde ot kimin ýanyp dursun!» diýdi (2 Tim. 1:6). Pawlus Hudaýyň beren ukybyny sowgat bilen deňeşdirdi we Timoteosa şol sowgady gymmat saýmalydygyny aýtdy. Pawlus resulyň şu aýatda ulanan «harizma» diýen grek sözi mynasyp bolmadyk adama berilýän sowgady aňladýar. Timoteosa hem sowgat berildi, ýagny ol ýygnakda jogapkärli borjy ýerine ýetirmelidi (1 Tim. 4:14).

Timoteos özüne berlen ukyby nädip ulandy? Ol Pawlusyň «ot kimin ýanyp dursun» diýen sözlerini okanda, ojakdaky gyzgyn  közler göz öňüne gelendir. Közleri dörjeseň ot ýanýar we jaýy ýylydýar. Bir sözlüge görä, Pawlusyň aýdan «anazopiro» grek sözi tutaşdyrmak, ýakmak, lowlatmak diýen manylary aňladýar. Göçme manyda şu söz işe täze hyjuw, täze güýç bilen ýapyşmagy aňladýar. Başgaça aýdanyňda, Pawlus Timoteosa borjuňy ýürekden ýerine ýetir diýipdi. Bizem Ýehowanyň işini berjaý edenimizde ýüregimizde «ot ýanyp durmaly».

«YNANYLAN ZATLARY... GORA»

Pawlus resul Timoteosa şeýle maslahat berdi: «Saňa ynanylan zatlary mukaddes ruhuň kömegi bilen gora» (2 Tim. 1:14). Timoteosa näme ynanyldy? Pawlus şu sözleri aýtmazyndan öň, Mukaddes Kitapdaky «sagdyn sözlere» eýermegi maslahat berdi (2 Tim. 1:13). Timoteos Hudaýyň ynanan hakykatyny dogan-uýalara öwretmelidi we beýleki adamlara wagyz etmelidi (2 Tim. 4:1—5). Şeýle-de Timoteos ýaşuly edip bellenipdi we Ýehowanyň halkynyň aladasyny etmelidi (1 Pet. 5:2). Ol özüne ynanylan hakykaty goramak üçin, Ýehowanyň mukaddes ruhuna we Sözüne bil baglamalydy (2 Tim. 3:14—17).

Şu günler bize-de Hudaýyň hakykaty ynanyldy, ýagny biz adamlara wagyz etmeli (Mat. 28:19, 20). Biz Ýehowa hemişe doga etsek, her gün Hudaýyň Sözüni okasak hakykaty gymmat saýýandygymyzy görkezýäris (Rim. 12:11, 12; 1 Tim. 4:13, 15, 16). Şeýle-de biziň käbirimize hormatly borç ynanyldy: kim ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýär, kim uzak wagtly gulluk edýär. Ýöne biz pesgöwünli bolmaly we Ýehowanyň kömegi bolmasa, ýerine ýetirip bilmejekdigimizi boýun almaly. Geliň, berlen borçlary gymmat saýar ýaly, Ýehowanyň kömegine daýanalyň!

«MENDEN EŞIDEN ZATLARYŇY... WEPALY ADAMLARA ÖWRET»

Timoteos bilen zatlaryny we ukyp-başarnygyny doganlara öwretmelidi. Pawlus resul oňa: «Menden eşiden zatlaryňy... wepaly adamlara öwret. Şonda olar hem başgalara ökdelik bilen öwredip bilerler» diýdi (2 Tim. 2:2). Hawa, Pawlus resul Timoteosa bilen zatlaryny dogan-uýalara öwretmelidigini ýatlatdy. Şu günler ýygnak ýaşululary hem Pawlusyň maslahatyna eýermeli. Paýhasly ýaşulular bilýän zatlaryny doganlara ýürekden öwredýärler. Olar baý tejribesi bilen paýlaşyp, doganlara borjuny gowy ýerine ýetirmäge kömek edýärler. Ýaşuly dogan: «Mendenem köp zatlary bilerler, has ukyply hem başarnykly bolup, meniň borjumy elimden alarlar» diýip gorkmaýar. Ol göwünli-göwünsiz öwretmän, doganlaryň imanyny berkitmek we borjuny gowy ýerine ýetirmäge kömek etmek üçin elinde baryny edýär. Şeýlelikde, ukyply, başarnykly, Hudaýa wepaly doganlar ýygnagyň diregi hem daýanjy bolarlar.

Elbetde, Timoteos Pawlusa hat ýazany üçin minnetdar bolandyr. Ol dostundan gelen haty ençeme sapar okandyr, oýlanandyr we beren maslahatlaryny ýerine ýetirmek üçin pikirlenendir.

Bizem Pawlusyň ýazan maslahatlaryna eýermek isleýäris. Biz borjumyzy yhlasly ýerine ýetirmeli, gorap saklamaly we doganlara öwretmeli. Şonda biz hem Pawlus resulyň Timoteosa: «Birkemsiz gulluk et» diýen maslahatyna eýerip bileris (2 Tim. 4:5).